Türkmenistan Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler

Türkmenistan Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler

Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň söwda we logistika merkezi döredilenden soňra ol Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler. Bu barada Russiýanyň Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynski ýekşenbe güni GTRK Lotos täzelikler teleýaýlymyna beren interwýusynda aýdylýar.

Şeýle hem Ilýa Wolynski Astrahan portundaky türkmen merkeziniň taslamasynyň giňeldilendigini aýtdy.

Ilýa Wolynskiniň belleýşi ýaly, bu taslama Astrahan portunyň üsti bilen türkmen harytlarynyň Russiýa daşalmagy we degişlilikde rus harytlarynyň Türkmenistana eksport edilmegi bilen çäklenmez.

Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministriniň aýtmagyna görä, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň harytlarynyň Türkmenbaşy halkara deňiz portundan Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa iberilip bilner.

Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Lotos” aýratyn ykdysady zolagy” paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda meýiller hakynda Ähtnama ýanwar aýynyň ahyrynda gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Owganystan boýunça Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler, fewralyň ilkinji gary we beýleki habarlar
ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Hünärmen nebitiň ätiýaçlyk gorunyň näçe wagta ýetjekdigini aýtdy
Ahalyň täze merkezi Arkadag ýaşyl we akylly şäher şahadatnamalaryna mynasyp bolar, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşar, Täjigistanyň meşhur aýdymçysy Aşgabatda boldy
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
Gyrgyzystanyň futbol kubogyndaky duşuşyk 16:0 hasabynda tamamlandy. Bir goly türkmenistanly futbolçy geçirdi