Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrinde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy.Bu ýerde ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, şeýle-de Altkom we Interbudmontaž kompaniýalarynyň ýolbaşçylary A.Tislenko hem-de W.Petruk mübäreklediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurtda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragy gurplandyrmak maksady bilen, suwaryşyň täze usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ýurduň suw howdanlaryny we akabalaryny göwnejaý ýagdaýda saklamak, olary arassalamak meselelerine uly üns berilýändigini belläp, bu meseleleri çözmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ösen tejribelerini ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Soňra Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy ynanylan Altkom kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Interbudmontažyň ýolbaşçysy bolsa Türkmenistanda gurlan lagym ulgamlarynyň işleýşi barada maglumat berdi.

Olar dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen we daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilen Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, bu ugurda toplan tejribelerini öz işlerinde netijeli ulanmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň ähli derýalarynda, suw akabalarynda, şol sanda Garagum derýasynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmegiň, bu işlere, aýratyn-da, gyş paslynda örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, derýalaryň ýakasynda bag nahallarynyň oturdylmagy, olaryň kenarynyň berkidilmegi bilen bir hatarda, ýurtda ekologik ýagdaýyň has-da gowulanmagyny hem üpjün eder.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Ýene degişli makalalar

Suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Aşgabat nurana geljege alyp barýan ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr
Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly sergi geçirildi