Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi

6-7-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2022 atly halkara sergi we onuň çäklerinde Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly we ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar.

Paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda “Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Pudaga häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalary, dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar” diýlip, bellenilýär.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk we senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän sergi bölümleri ýerleşdirildi.

Onuň çäklerinde gurluşyk, senagat we gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, elektroenergetika, himiýa senagaty, gaz hem-de nebithimiýa, ýol gurluşygy ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan işler görkezildi. Ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklarynda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmekde özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeliligi aýdyň beýanyny tapdy.

Sergide ýurdumyz üçin senagat ulgamynda zerur we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini ozaldan öndürip gelýän kärhanalar bilen bir hatarda, bu işe ýaňy başlan täze kärhanalar hem öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Şol önümleriň hatarynda dürli ölçegdäki turbalar, kerpiçler, demirbeton önümleri, gidroizolýasiýa serişdeleri, ýuwlan çagyl, penopolistirol, keramzit, emulsiýalaryň we boýaglaryň dürli görnüşleri, elektrik kabeller, kafel, gury gurluşyk garyndylary, “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynyň dürli görnüşli aýnalary, ýag we howa süzgüçleri, akkumulýatorlar bar.

Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Bouygues Turkmen”, “General Electric”, “Gap Inşaat”, “KSB”, “Rönesans”, “Sumitomo Corporation”, “Interbudmontaž”, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom”, “Çalyk Enerji”, “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi hem-de beýlekiler gurluşyk desgalarynyň şekillerini, innowasion işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalary görkezdiler. Sergide suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş senagaty ugurlaryna möhüm orun berlipdir.

Täze binagärlik taslamalary sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.Bu ýerde edara toplumlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň şekilleri görkezildi.

Sergi diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem, şäher ilaty we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem gyzykly boldy.Munuň özi ýurdumyzyň geljekki ösüşine nazar aýlamaga, şäherlerimiziň, obalarymyzyň ýakyn geljekde nähili keşbe eýe boljakdygy barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Aýratyn-da, gurluşyk pudagynda işleýän hususyýetçileriň bölümleriniň ýany köp adamly boldy. Olar soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli taslamalary amala aşyrýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi bilen, telekeçilik işi gurluşyk senagatynda netijeli ugurlaryň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz “akylly” şäher we “akylly öý taslamalaryny, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalary netijeli ulanmak arkaly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, sergide “Aşgabat-siti” taslamasynyň binagärlik şekillerine aýratyn orun berildi.

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän bu iri möçberli ýaşaýyş toplumynyň taslamasy “akylly şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň beýany bolar.Bu täze şäheriň durmuş ulgamynyň esasyna dolandyryşyň sanly, robotlaşdyrylan we intellektual mümkinçilikleri binýat hökmünde goýuldy.

Ýurdumyzyň hususy kärhanalary hil babatda halkara ülňülere doly laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýdular. Ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň bölümi hem köp adamly boldy.

Onda turbalaryň, kabelleriň, asma petikleriň, penjireler we gapylar üçin niýetlenen önümleriň, polietilenden, polipropilenden jemagat hojalygynda, gurluşyk önümçiliginde giňden ulanylýan önümleriň görnüşleri görkezilýär.

“Ajaýyp gurluşyk”, “Ussat inžener”, “Ugurly ýol”, “Ak bulut”, “Berk menzil, “Sapaly jaý”, “Aga gurluşyk”, “Myradym”, “Weli gurluşyk”, “Kämil ymarat” we beýleki kärhanalar gurluşyk pudagynda hususyýetçiligiň mümkinçiliklerini görkezdiler.

Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berýän bölümler uly gyzyklanma döretdi.Onda awtobanlaryň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň we ýurdumyzyň uly ýollarynyň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklary barada gürrüň berildi.

“Garabogazkarbamid” zawodynyň önümlerine ýurdumyzyň hünärmenleri we daşary ýurtly bilermenler tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi.Garabogazköl aýlagy dünýäde iň seýrek duş gelýän künjekleriň biri bolmak bilen, onda sulfat natrisiniň we beýleki gymmat minerallaryň senagat möçberinde tebigy şertlerde kristallaşmagy bolup geçýär.

Balkan welaýatynyň baý mümkinçiliklerini, aýratyn-da, Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara alanyňda, daşary ýurtlardan getirilýän himiýa önümleriniň ornuny tutýan täze önümleriň önümçiliginiň toplumlaýyn özleşdirilmeginde uly geljegiň bardygyny görmek bolýar.

Gyýanlydaky polimer zawodynda zerur himiki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bölümi hem köp adamly boldy. Bu ýerde häzirki zaman senagat we elektron önümçiligine degişli önümler görkezildi. Bu hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Onuň düzümlerinde ykjam telefonlar, smartfonlar, monobloklaryň dürli görnüşleri, smart-telewizorlar, split-kondisionerleri, internet ulgamyny paýlaýjylar (routerler), agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjamlar öndürilýär.

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat iş maksatnamasynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Onda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewürlik düzümleriniň wekilleri, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalaryň hünärmenleri adaty görnüşde we sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň innowasion ösüşini ugur edinýän syýasatynda gurluşyk we senagat pudaklaryny köpugurly ösdürmäge, umuman, ykdysadyýetimizde düzümleýin özgertmeleri durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Maslahatyň dowamynda şweýsariýaly önüm öndürijileriň binalaryň we desgalaryň seýsmiki-gorag ulgamynyň ugurlaryna, RIK logistik modulynyň mümkinçiliklerine hem-de ulaglaryň çykdajylaryny hasaplamagyň guralyna, Russiýanyň kompaniýalarynyň önümleri, gurnamalary we enjamlary getirmegiň ykdysady taýdan bähbitli ugurlaryny kesgitlemäge, gurluşyk taslamalaryny dolandyrmagyň usullaryna hem-de türkiýeli işläp taýýarlaýjylar bilen geňeşmeleri guramaga degişli tekliplere baha berildi.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak, önümçilige ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlary synagdan geçirmek boýunça giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýardyklaryny nygtadylar. Şunda ýurdumyzda häzirki zaman düzümleriniň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy esasynda innowasion işleri alyp barmak üçin döredilen şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Maslahatda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini saklamak, gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, ýolgurluşyk pudagynyň ösüşindäki täzeçil usullar ýaly meseleler boýunça hem pikir alyşmalar boldy.

Forumyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we işewürleriniň birnäçesiniň arasynda resminamalar gol çekildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ECO-93 kysymly benzini satyn almak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsi, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen baglaşylan 3 import şertnamasy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Germaniýanyň “KSB Group” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy
Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi