Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Beýik Ruhy Liderine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Beýik Ruhy Liderine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Seýed Ali Hoseýni Hameneýä bu ýurduň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň täze saýlanylan Beýik liderini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Möhüm minerallar boýunça C5+1 görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi
Seýrek minerallar boýunça ilkinji "C5+1" mejlisi geçirildi