“Türkmen halysy milli buýsanjymyz”

“Türkmen halysy  milli buýsanjymyz”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmen halysy milli buýsanjymyz” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” atly kitaby dünýä medeniýetine saldamly goşant goşan, gadymy hem-de müdimi halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetiniň baý mirasy bolan haly sungatymyz hakynda bolup, ol haly dokamagyň inçe syrlary, halkymyzyň bu babatda gazanan üstünligini açyp görkezýändir.

Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” eseri ýöne bir gözellik baradaky, gadymy haly senedimiz hakyndaky süýji söhbet bolman, eýsem, gözbaşyny heňňamlaryň aňyrsyndan, örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen milletiniň waspnamasydygyny ajaýyp eserde Watanymyzyň baý hem gözel tebigatynyň keşbi açylyp, şu toprakda bitýän ösümliklerden alynýan boýaglardan, daş-töwerekdäki her bir zada döredijilik bilen çemeleşmek esasynda döredýän türkmen halysynyň türkmen dünýäsiniň özboluşly beýanydygy barada giňişleýin çykyş etdiler.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň mundan beýläk-de ýiti bolmagyny, eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Owazasy dünýä dolan bedewler
Magtymgulynyň eserleri eýýamlara şamçyrag
Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr
Gujagy ýeňişden doly, gadamy batly Täze ýyl! atly baýramçylyk dabarasy geçirildi
“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”
Ýaşlar ligasy ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi
Ysraýyl Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmäge gyzyklanma bildirýär