Türkmen hökümetiniň tölege ukypsyzlygy sebäpli’, Bouygues henizem gurluşyga girişmedi

Türkmen hökümetiniň tölege ukypsyzlygy sebäpli’, Bouygues henizem gurluşyga girişmedi

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Aşgabadyň iri gurluşyk taslamalary boýunça türkmen hökümeti bilen şertnama baglaşan käbir daşary ýurtly kompaniýalar hökümetiň tölege ukypsyzlygy sebäpli özlerine tabşyrylan gurluşyklara henizem girişmedi. Has takygy, Bouygues Batiment International kompaniýasy we beýleki käbir türk kompaniýalary özlerine ynanylan gurluşyklarda säginýärler. Bu barada Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi 16-njy maýda maglumat berdi.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Bouygues-e we türk kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň umumy töleginiň hatda 10 %-i hem geçirilmedi. Şertnama laýyklykda, tölegiň azyndan 20-30%-i öňünden gurluşygy ýerine ýetirýän firma geçirilmeli.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-1006-vpn {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

margin-bottom: 15px;

}

#GR-1006-vpn img {

width:130px;

}

#GR-1006-vpn:hover {

outline:2px solid #ea6903;

}

#GR-1006-vpn .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-1006-vpn span {

color: #ea6903;

}

#GR-1006-vpn p {

font-size: 21px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

Azatlyk Radiosynyň websaýtynyň petiklenmeýän görnüşi

“Gurulmaly myhmanhana işi berlende türkmen hökümeti şertnama gol çekilen badyna tutuş edilmeli işiň [töleginiň] 20-30%-ni işi alyp barjak firma geçirmeli. Emma häzirki wagtda agzalýan töleg walýutada bolansoň, hökümet üçin [firmalara] töleg etmek kyn düşýär. Başdaky ujypsyzja tölegleri geçirip bilmeýän hökümet bilen, elbetde, Bougues ýaly ýewropaly firmalaryň işleşesi gelmese gerek” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi aýtdy.

Ol agzalýan gurluşyklaryň mundan 1-2 aý ozal başlamalydygyny, ýöne töleg bilen bagly dörän “çigin” sebäpli işleriň saklanyp gelýändigini aýtdy.

Azatlygyň paýtagtdaky ikinji çeşmesi hem öňe sürülýän gürrüňleri tassyklap, hususan-da Bouygues-iň işe başlamak üçin “howlukmaýandygyny” aýtdy:

“Maňa mälim bolşuna görä, hasaplaşygyň görnüşi boýunça ylalaşyp bilmänsoň, fransuzlaryň “Buig” kompaniýasy işe girişmäge howluganok” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme tassyklady.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar agentligi düýn 15-nji maýda prezident Berdimuhamedowyň paýtagtda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşandygyny habar berdi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Resmi metbugatda habar berilmegine görä, Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteklerinde alnyp barylýan binalar toplumynyň gurluşygyny Fransiýanyň “Buig Batiman” kompaniýasyna ynanyldy.

“Çandybil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde Halkara maslahat merkeziniň we kaşaň myhmanhananyň binalar toplumy emele geler” diýip, TDH Bouygues-a ynanylan taslamalara salgylanýar.

Türkmen metbugatynda 15-nji fewralda çap edilen beýleki bir habarda agzalýan käbir taslamalaryň gurluşygynyň 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamalydygy habar berlipdi.

Ýurduň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär.

Ýurtdan gelip gowuşýan habarlarda, azyk-harytlaryň, senagat önümleriniň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanýandygy, dollaryň türkmen manadyna bolan gatnaşygynyň resmi kursdan tas 5-6 esse gymmatlandygy habar berilýär.

Ýöne, muňa garamazdan türkmen hökümeti kaşaň myhmanhanalaryň, gymmatbahaly desgalaryň gurluşygyna säginmän dowam edýär.

Ýatladyp geçsek, golaýda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky ýokary amatlykly käbir otelleriň satuwa çykarylandygyny Azatlygyň çeşmeleri habar beripdi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Galyberse-de, fewralyň aýagynda Türkiýäniň “Polimeks” firmasynyň-da algy-bergi we töleg meseleleri sebäpli Türkmenistandan çykýandygy baradaky habarlar Azatlykda peýda boldy.

Şonda hökümetdäki bir çeşme Polismeksiň Türkmenistandan azyndan 800 million dollar algysynyň bardygyny habar beripdi.

Türkmen resmileri ýurtda dowam edýän ykdysady krizisi ne gytaklaýyn, ne-de gönümel tassyklaýar. Ýurduň media serişdelerinde aýak aldygyna “bagtyýarlyk aýdymlary” ýaňlandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Aşgabatda täze Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi açyldy
Aşgabatda Kabul ediş merkezi we Maslahatlar merkezi açyldy
Bitarap Türkmenistan döredijiligiň we parahatçylygyň ýurdudyr
Berdimuhamedow öz doglan gününde “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy
Berdimuhamedow Aşgabatda gurlan Arkadag myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Aşgabatda Arkadag myhmanhanasy açyldy