Türkmen ilçisi Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri bilen duşuşdy

Türkmen ilçisi Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri bilen duşuşdy

4-nji iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Georgiý Amilahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar ylym, bilim we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary taýýarlamak, Türkmenistanda we Gruziýada geçirilýän halkara olimpiadalara, konferensiýalara, seminarlara we beýleki çärelere mekdep okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynyň hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek meselelerine garaldy.

Amilahwari ylmy-bilim pudagy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Şeýle hem ol, bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň dostlugyny berkidýändigini we özara düşünişmegiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde çykyş edýändigini belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Gruziýa bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy maslahatlaşdylar
Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
Türkmen ilçisi Tbiliside geçirilen Nowruz baýramyna gatnaşdy
Türkmenistan we Gruziýa derman senagaty, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Albert Žalilow: Türkmenistanyň paýtagtynyň özboluşly ruhy bar
HPG sanly walýuta platformasyny döretmek üçin Merkezi banklary birikdirýär