Türkmenistan bilen Gruziýa akademiki alyş-çalyşlary giňeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Gruziýa akademiki alyş-çalyşlary giňeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Gruziýa talyplaryň we mugallymlaryň arasynda alyş-çalşygyny giňeltmek, akademiki ykjamlylygy ösdürmek hem-de bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meseleler Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen çarşenbe güni Tbliside geçiren duşuşygynda maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar bilim we ylym ulgamlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň häzirki meselelerine garadylar.

Şol gün türkmen ilçisi Gruziýanyň Halk goragçysy (Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy) Lewan Ioseliani bilen hem duşuşdy. Taraplar adam hukuklaryny goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garap, milli adam hukuklary mehanizmlerini kämilleşdirmek hem-de degişli edaralaryň arasynda tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça taraplar bilim, ylym, ýaşlar syýasaty we adam hukuklaryny goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Gruziýa bank we maýa goýum hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
Gruziýanyň awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy
Gruziýanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasy Türkmenabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy