Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar

Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar

“TurkmenExpo” kompaniýasy türkmen kärhanalaryny we hususy telekeçileri Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriljek çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar. Halkara sergi-ýarmarka şu ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçiriler.

Sergini gurnaýjylaryň habar bermegine görä, “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka çagalar üçin hyzmatlar we harytlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň täze önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredip, onuň bu pudagy täze mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp biljek täze platforma öwürmegine garaşylýar.

Şeýle hem “TurkmenExpo” kompaniýasy türkmen kompaniýalaryny we aýry-aýry telekeçileri 4-nji maýda sagat 11: 00-dan 13: 00 aralygynda “Arkaç” söwda merkeziniň 2-nji gatynda tölegsiz geçiriljek işewürlik seminaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Habarda bellenilişi ýaly, seminar "Çagalar we ene-atalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sergilerine we ýarmarkalaryna gatnaşmagyň netijeliligini nädip ýokarlandyrmaly?" diýen mowzuk bilen geçiriler.

Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar çagalar üçin önümleri we hyzmatlary sergide wagyz etmek boýunça kompaniýanyň bilermenlerinden amaly tejribeleri we bilimleri alyp bilerler.

“Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşmak üçin isleg bildirýän taraplar elektron salgy ýa-da +99362006200 telefon belgi boýunça ýüz tutup bilerler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka geçiriler
Aşgabatdaky Koton Kids dükany tomusky egin-eşik toplumy üçin 30% arzanladyş yglan edýär
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär
Türkmenistanda mikroblara garşy derman serişdelerini mahabatlandyrmak gadagan edildi, Aşgabat we Tbilisi göni howa gatnawyny açmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler, gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji merkez
Güýçli ýer titremesi Türkiýede we Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi
Panjur Türkmenistan kompaniýasynyň ýörite WinBlock ulgamy çagalaryň aýnadan ýykylmagynyň öňüni almaklygy üpjün edýär