Türkmen-koreý döwletara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşygy arkaly iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýurdumyza Wepa Hajyýew, Koreýa Respublikasyna Kim Gunn wekilçilik etdiler.

Onlaýn-duşuşygyň barşynda taraplar halkara gün tertibiniň esasy meseleleri barada pikir alyşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden taraplar onuň ösüşiniň häzirki tapgyryna kanagatlanma bildirdiler.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň yzygiderli geňeşmeleriniň Türkmenistanyň we Koreýanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýandygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu ýylyň 28-nji awgustynda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň maksatnamasy taýýarlanyldy.

Bu babatda nobatdaky mejlisi şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Şeýle hem ykdysadyýetiň nebitgaz we gazhimiýa ulgamlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy. Yzygiderli geçirilýän işewürlik-forumlarynyň we 2019-njy ýylyň oktýabrynda döredilen söwda-ykdysady hzymatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen Bilelikdäki türkmen-koreý işewürler geňeşiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Wideo-gepleşikleriň dowamynda Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOICA) bilen gatnaşyklaryň we Ählumumy “ýaşyl” ösüş institutyna (GGGI) goşulyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden 2019-njy ýyldan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Patyşa Sejong Instituty Gaznasynyň ýardam bermeginde döredilen Koreý dilini we medeniýetini öwrenmek boýunça okuw merkeziniň hereket edýändigini bellenildi.

Sport hyzmatdaşlygy barada gürrüň edilende, türkmen tarapy bu ulgamda Koreýanyň tejribesiniň öwrenilmegine hem-de koreý tälimçileriniň ýolbaşçylygynda türkmen türgenlerini taýýarlamaklyga gyzyklanmasyny beýan etdi.

Taraplar jemgyýetçilik saglygy goraýşy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak ulgamynda tejribe alyşmak barada pikir aýtdylar. Şeýle hem ýakyn wagtda wideoaragatnaşygy arkaly Saglygy goraýyş boýunça Türkmen-Koreý iş toparynyň ikinji mejlisini geçirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem netijeli ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

17.04.2019 | Türkmenistan we Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdiler
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi
Şin Sung-Çul: Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär
29.10.2020 | Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Aşgabatda Türkmenistan bilen Koreýanyň dostlugyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi