Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

17-nji aprelde paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge zerur goldawlaryň berilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiziň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
СОСТОЯЛОСЬ ОЧЕРЕДНОЕ ЗАСЕДАНИЕ МЕЖПРАВИТЕЛЬСТВЕННОЙ ТУРКМЕНО-КОРЕЙСКОЙ КОМИССИИ ПО ТОРГОВОМУ, ЭКОНОМИЧЕСКОМУ, НАУЧНОМУ И ТЕХНОЛОГИЧЕСКОМУ СОТРУДНИЧЕСТВУ
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Koreýa Respublikasynyň...
Türkmen-koreý döwletara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy