Türkmen maýa goýum kompaniýasy ÝGPJ halkara tender yglan etdi

Türkmen maýa goýum kompaniýasy ÝGPJ halkara tender yglan etdi

Türkmen maýa goýum kompaniýasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti halkara ülňülerine laýyklykda maýa goýum taslama hyzmatlaryny hödürlemek boýunça şu aşakda görkezilen lotlar boýunça halkara tender yglan etdi.

Ähli gyzyklanma bildirýän guramalar we kompaniýalar öz tekliplerini degişli bildirişiň çap edilen gününden başlap 15 iş gününiň dowamynda Türkmen maýa goýum kompaniýasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ibermelidir.

Tehniki şertleri şu salgydan anyklamak bolýar: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 32-nji jaý, şeýle-de turkmeninvest@sanly.tm elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 12) 48 19 28; (+993 12 48 19 38).

Belläp geçsek, Türkmen maýa goýum kompaniýasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer
Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça geljek ýyldan fider gatnawlary ýola goýlar
Täze ýyl gijesi Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglary sagat 2:00-a çenli işlär, Putin we Berdimuhamedow GDA sammitinde duşuşdylar, AŞTU abonentlere aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri öz wagtynda tölemelidigini ýatlatdy we beýleki habarlar