Türkmen medeniýeti, sungaty, sazy

**Waspyna söz ýetmez uçursyz umman, Türkmen medeniýeti, sungaty, sazy.Zybanda belentden söýlenýän mukam, Nusgalyk taryhy, dowamat ýoly.** --- **Ýüreklerde ruhanalyk oýarýan, Dür däneden düzülen solmajak çemen, Döwüre ses goşup deň gadam urýar, Manyly-maňyzly eserler bilen,** --- **Aşyk Aýdyň pirden, Baba Gammardan, Aslyn alan dutar heňi keremli.

Goşa tary söhbet açyp heňňamdan, Göwün köşgün gurýar bagy Eremli.** --- **Ýagşy sözden gol ýaýradyp pudagy, Paýhas çeşmesinden nemleýär kalby. Şirin mukam, şygyr gülledip döwri, Bir supraň başyna jemleýär halky.** --- **Arkadag pähminden özgerdip durkun, Ümzügi ýeňişli ýollara sary.

Saýylyp ol kalby merdana halkyň, Äleme ýaň salýar şöhraty-şany.** --- Miwe BEKMYRADOWA

Ýene degişli makalalar

Bagtsyzlygyň bagty
Türkmen samboçylary 39 medal gazanmagy başardylar
25.09.2017 | Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri
Milli žiwopis mekdebiniň halypalary: Ýakup Annanurow
25.03.2018 | Ildeşlerimiz halkara ýaryşlarda on ýedi medala eýe boldular
Ildeşlerimiz halkara ýaryşlarda on ýedi medala eýe boldular