Türkmen milli senenamasynda kiçi çille döwri başlady

Türkmen milli senenamasynda kiçi çille döwri başlady

Kiçi çille — bu 17-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 20 gün bolan döwürdir.

Bu döwürde howa sowuk hem ygally bolýar. Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde howanyň derejesiniň ortaça - 2, - 6, beýleki ýerlerinde bolsa - 2, +4 gradusa deň bolýandygyny köpýyllyk maglumatlar görkezýär. Kiçi çillede ýagan gar ýerde köp ýatýar. Gar ýerde ýatsa, şüdügärlenen ýerleri bozukdyrýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňip, yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar.

Kiçi çille döwründe güýzlük bugdaý gyşky rahatlyk ýagdaýynda bolýar.

Şorlaşan ýerlerde şüdügärlenen meýdanlar tekizlenip, çil çekilýär we ýuwuş suwy tutulýar. Oba hojalyk tehnikalary abatlanyp, ýaz ekişine taýýarlyk görlüp başlanýar.

Toprakda yzgar toplamak maksady bilen, miweli baglara gyş suwy berilýär. Howanyň amatly wagty agaçlary kesmek, timarlamak we şekil bermek işleri geçirilýär, ýaş nahallar oturdylýar.

Kiçi çille döwründe öri meýdanlarda garyň ýatýandygy, gyraw düşýändigi sebäpli mal bakmak üçin amatsyz bolýar. Şonuň üçin hem bu döwür dowarlary gyşlatmagyň iň aýgytly wagty hasaplanylýar. Bu döwürde ene goýunlary, toklulary goşmaça ot-iým bilen iýmitlendirmegiň uly ähmiýeti bolup, olaryň abat hem tükel gyşlamagyna şert döredilýär.

Käbir ýyllar kiçi çille döwründe howanyň amatsyzlygy, öri meýdanlarynyň otunyň çygraýandygy sebäpli dowarlara kaşarlarda gury bedeleriň berilýän halatlary has köp bolýar.

Dowardarçylyk bilen meşgullanýan adamlar kiçi çille döwründe dowarlary aýratyn üns bilen gurşap, olary talabalaýyk gyşlatmagyň aladasyny edýärler.

Kiçi çille bary-ýogy 20 gün dowam etse-de, maljanly adamlaryň hysyrdysyny artdyrýar.Bu ýagdaý öri meýdanlarda has-da çylşyrymly.Ot-çöpleriň üstüni gar basýar, oba ýerlerinde ot-iým, bede, saman ýaly zatlaryň ätiýaçlygy ahyrlaýar.

Dowarlary goşmaça iýmitlendirmeli bolýar.Ynha şu ýerde-de Uly çilläniň inisine: Git-de, sowuklyk döret, öz borjuňy berjaý et diýen sargydy ýerine düşýär-de duruberýär.Uly çilläniň beýle diýmegi aşakdaky manyny berýär.

Adamlar, habardar boluň, Uly çille geçdi diýip arkaýynlaşmaň, meniň yzymdan inim Sary, ýagny Kiçi çille-de gelýändir.Dogrudanam, çarwa adamlar bu döwri halamaýarlar, sebäbi diýeniňde, şatlama aýazlar we garly howalar dowarlaryň örüsini daraldýar, olary elden iýmitlendirmeli bolýar. Ýöne ýanwar fewral aýlarynda aram-aram maýyl howalaram bolýar.

Beýle howa köplenç birki gije-gündiziň içinde bolup geçýär.Ertirine şemalsyz-zatsyz ýyly howa +8…+10°C barandyr.Soňra birden tozanly tupan turup, birdenem temperatura üzül-kesil peselýär we agşamaralar ýagyş ýagyp başlaýar. Şol ýagyş hem, gijäniň bir wagty yzyny gara tutdyryp, ertire golaý -10…-15°C sowuk bolýar. Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň günorta etraplarynyň ilaty bir gije-gündiziň içinde birbada ýylyň dört paslynyň howasyna döz gelmeli bolýar.

Şonuň ýaly aňzakly sowuk 1967-nji ýylyň fewral aýynyň birinji ýarymynda bolupdyr.Türkmenistanyň ençeme etraplary şol ýyl tutuş gara basyrylypdyr, garyň galyňlygy 15-20 santimetre ýetipdi. 1969-njy we 1972-nji ýyllaryň tutuş fewral aýlary hem şonuň ýaly aňzak sowuklygydyr galyň garlygy bilen tapawutlanypdyr. Şol gazaply gyşda nar, injir, üzüm ýaly ýylylygy söýýän miweli we ir-iýmişli agaçlary tutuşlaýyn sowuk urupdyr, maldarçylyga uly zyýan ýetirilipdir.

Günüň uzalmagy bilen ösümlik we haýwanat dünýäsinde-de özgerişlikler geçip başlaýar. Entek olaryň köpüsi gyşyň dynçlyk ýagdaýynda bolsa-da käbirleri sähel howa maýladygy janlanyp başlaýarlar. Merkezi Köpetdagyň gerişlerinde, demirgazyk ýapgytlarynda gar görünýän bolsa-da, biraz aşagrakda, dereleriň güneý ýapgytlarynda maýda otlar gülleýär. Olaryň owadan sary gülleri ýapraklaryndan has öňürti peýda bolýar.

Ýene degişli makalalar

Maýsa Pardaýewa dzýudo boýunça Duşenbede geçirilýän Uly tuwulga ýaryşynda ilkinji bäşlige girdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň 4 welaýatynda 23-nji martda, Daşoguzda bolsa 30-njy martda gowaça ekişi başlanar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň ikinji tapgyrynda işler gyzgalaňly barýar