Balkanda býujet işgärleriniň mejbury ýygyma çekilmegi dowam edýär, gowaça meýdanlaryna gözegçilik güýçlenýär

Balkanda býujet işgärleriniň mejbury ýygyma çekilmegi dowam edýär, gowaça meýdanlaryna gözegçilik güýçlenýär

Balkan welaýatynda häkimiýetler býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna we onuň galyndylaryny çöplemek işlerine çekmegi dowam etdirýärler. Munuň bilen bir wagtda, sebitiň kanun goraýjy we howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçiligi güýçlendirdiler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“26-njy oktýabrda edara-kärhanalaryň tas ählisiniň işgärleri özleriniň resmi dynç gününi pagta ýygmak bilen geçirdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly häkimlik işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Balkanly býujet işgärleriniň ençemesi gowaça ekilen etraplardaky ekin meýdanlarynda pagtanyň tas galmandygyny, özleriniň esasan pagtanyň galyndylaryny çöplemek işlerini berjaý etmäge mejbur edilýändiklerini belleýär.

“Biz pagta ýygýan kombaýnlaryň zaýalap ýygan galyndylaryny çöpleýäris. Pagta ýygýan tehnikanyň yzyny arassalamak tas zibil arassalamak bilen deň. Topraga garylan pagta üptüklerini çöplemek pagta ýygmakdan has agyr” diýip, pagta ýygymyna çekilen býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Býujet işgärleriniň we daýhanlaryň ençemesi bu pagta galyndylaryndan “haýsydyr bir dokma önümini öndürmäge ýaraýjak ýüplük çykmajakdygyny” belläp, munuň “diňe döwletiň pagta borçnamasyny ýalandan dolmaga goşantdygyny” aýdýar.

“Olar bu galyndylary hem, hamala, pagta ýaly edip, döwletiň borçnamasyna goşmak üçin çöpledýärler” diýip, transport pudagynyň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Gözegçilik güýçlenýärBu çäreler bilen bir wagtda, sebitiň kanun goraýjy we howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçiligi hem güýçlendirdiler.

“Soňky 15 gün bäri pagta ýygymyna we ýygymçylara Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) welaýat we etrap ofiserleri gözegçilik edýärler. Şeýle-de, MHM we polisiýa ofiserleri pagta meýdanlaryndan ogurlanan gozalaryň üstüni açmak üçin gije-gündiz ulaglarynda aýlanyp, duýdansyz reýdleri geçirýärler” diýip, transport pudagynyň bir işgäri belledi.

Bu ýagdaýlary sebitiň polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmämiz hem tassyklap, bu reýdleriň çäginde Ýasga obasynda, Akjaguýma we Saparmyrat Türkmenbaşy daýhan birleşiklerinde “malyna iým hökmünde bermek üçin gowaçanyň açylmadyk gozalaryny ýygyp, gaplap goýan birnäçe kärendeçiniň” anyklanandygyny aýtdy.

“Olara köp mukdarda jerime töletdirildi. Bir gap goza üçin 500 manat, gowaçanyň gyrasynda mal daňylan bolsa, onda 3 müň manat jerime ýazdylar. Sebäbi sebitde gowaça meýdanlarynyň gyrasynda mal bakmak hem gadagan edilýär. Resmiler olaryň gowaçadan iýmitlenýändigini, munuň pagta hasylynyň az bolmagyna getirýändigini aýdýarlar” diýip, çeşmämizi belledi.

Ýurtda gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçi daýhanlaryň we beýleki “ýer eýeleriniň”, şol sanda daýhan hojalyklarynyň we telekeçileriň açylmadyk gozalardan mal iými hökmünde peýdalanýandygy barada Azatlyga mundan ozal hem maglumatlar gelip gowşupdy.

Türkmen hökümeti her ýylyň ýygym möwsüminde ýüzlerçe müň gektar meýdana ekilen “pagtanyň ýeke hanasyny hem isrip etmezlik” syýasatyny alyp barýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Balkanyň ýerli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.

ABŞ-nyň sanawyndan çykaryldyTürkmen hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär. ABŞ 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmen pagtasynyň öz çägine import edilmegine gadaganlyk girizdi. Mundan ozal, global brendleriň ençemesi Türkmenistanyň pagtasyndan ýüz öwrüpdi.

Ýöne şu aýyň başynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany mejbury zähmeti, “adam söwdasynyň" ol ýa-da beýleki islendik görnüşini höweslendirýän ýurtlaryň sanawyndan aýyrdy.

Bu waka, Türkmenistanda mejbury zähmet tejribesiniň giňden dowam edýän, hatda soňky ýyllarda hasam ýaýbaňlanan mahalyna gabat geldi. Ýurtda tomsuň ahyrky günlerinden başlap, tä gyş aýlaryna çenli kärendeçi daýhanlardan we meýletin ýygymçylardan başga-da, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, esgerler, öňki bendiler, wagtlaýyn tussag edilen raýatlar ýa-da aliment bergidarlary mejbury pagta ýygymyna çekilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri şu ýyl pagtaçy daýhanlaryň döwlet harmanyna 1 million 250 müň tonna “ak altyny” tabşyrmagyna garaşylýandygyny aýtsa-da, pagta hasylyny ýygnamak we gowaçanyň ekiş, otag we çürtüm işlerindäki mejbury zähmet barada hiç hili gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Häkimiýetler "goňşy welaýatda ýygymçy ýok" diýip, balkanly býujetçileri, esgerleri Ahalyň pagta meýdanlaryna ugradýar
MHM ýurtda gadagan edilen neşirleri okaýanlary we dindarlary anyklamak üçin ýaş çagalary soraga çekýär
Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi
Görelde gören sahna ussady
Teatr sungatyna ömrüni örklän halypa
Türkmenistan we ÝUNESKO Akja-gala kerwensaraýyny gaýtadan dikeltmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär