Türkmen neşiri “Türkmenhowaýollarynyň” ÝB uçuşlarynyň gadaganlygynyň sebäbini düşündirdi

Hökümete tarapdar türkmen neşiri “Orient” “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlarynyň ÝB ýurtlarynyň çägindäki uçuşlarynyň gadagan edilmeginiň sebibini “howa tehnikalaryny ulanmagyň standartlaryny we talaplaryny kesgitleýän amerikan we ýewropa ulgamlarynyň arasyndaky tapawut bilen” düşündirdi.

Amerikan standartlaryna laýyklykda, howa gämisiniň taryhy onuň öndürijiden alnan pursatyndan hasaba alynýar, ýewropa düzgünlerine görä bolsa, uçaryň zawodda öndürilen wagtynda hasaba alynýar.

Neşiriň maglumatyna görä, uçar gatnawlarynyň ýakyn wagtda togtadyljagy hakyndaky ýazmaça duýduryş türkmen awiakompaniýasyna 2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda, Ýewropanyň howa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) ýerine ýetiriji direktory Patrik Ki tarapyndan berilýär. Bu hatyň özi çap edilmedi.

Neşir awiakompaniýanyň bu aýratynlyklary we tapawutlary nazara almazlygynyň sebäbini “Türkmenhowaýollarynyň awiaparkynyň diňe amerikan “Boinglerinden” ybabart bolmagy, şuňa laýyklykda hatda Ýewropa ýurtlaryna uçulan halatynda hem amerikan ulgamynyň ulanylmagynyň “mantykly” (logiki) bolmagy bilen düşündirýär.

Şol bir wagtda ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň hem öz işgärlerine “Türkmenhowaýollarynyň” hyzmatlaryny hem içerki, hem halkara uçuşlarynda ulanmagy gadagan edendigini bellemek zerur.

“Orient” neşiriniň ýazmagyna görä, uçarlara tehniki nägilelik bildirilmeýär. Awiapark bolsa, hemişe täzelenip durulýar. “Köne “Boingler” (2003-2004-nji ýyllar) satylýar, täzeleri satyn alynýar” diýip, neşir ýazýar.

Belleýäris, “Flightradar24” saýtynyň maglumatlaryna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary ýeterlik derejede täze, howa gämileriniň ortaça ýaşlary 7,6 ýyldan ybarat.

Emma Britaniýa bilen aralykdaky uçar gatnawlary 18 we 22 ýaşlaryndaky “Boing-757” uçarlary tarapyndan hem amala aşyryldy.

Türkmen awiakompaniýasy öz howa gämileriniň dokumentlerini “Lufthansa Consulting” kompaniýasynyň ekspertleriniň kömegi bilen düzgüne salar.

Häzirlikçe uçar gatnawlary Ispaniýanyň “Wamos Air” kompaniýasynyň hakyna tutulan uçarlary tarapyndan amala aşyrylar. “The Telegraph” gazetiniň ýazmagyna görä, “Wamos Air” “Trip Advisor” reýtinginde iň pes derejeleriň birini alan ýewropa kompaniýasy bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Adlerde gondy (üsti ýetirilen)
Berdimuhamedow ŞHG-niň Duşenbedäki sammitine raýat uçarynda bardy, Eýranyň prezidenti bilen türkmen gazyny akdyrmagy täzeden ýola goýmak barada maslahatlaşdy
Müňe golaý türkmenistanly Stambulyň aeroportyna jemlenip, ýurduna ugradylmagyny talap edýär 
Täze hasabata görä Türkmenistan korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri boýunça dünýäde iň öňdäki orunda
Çoganlynyň hassahanasynda näsaglary 'gorkuzyp, olardan para alýarlar'
Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde ogry tutuldy