“Türkmen.news”: “Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa saglygyny bejertmäge gitdi”

“Türkmen.news”: “Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa saglygyny bejertmäge gitdi”

21-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa saglygyny bejertmäge gitdi diýip Turkmen news neşiri tassyklaýar.

Germaniýa tarap ugran Boýing 777-200 LR kysymly, EZ-A780 bort sanly uçar ýerli wagt bilen ir sagat 6:40-da Mýunheniň howa menziline gondy we soňra Frankfurt şäherine gitdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, kiçi Berdimuhamedow Mýunheniň hassahanalarynyň birine gitdi we 23-nji iýunda yzyna dolanar.

Bu maglumatlary adatça, prezidentiň her duşenbe güni sebitleriň ýolbaşçylary bilen gurnaýan iş mejlisiniň 21-nji iýunda geçirilendigi barada döwlet habarlar gulluklarynyň reportajlar bermändigi gytaklaýyn tassyklaýar.

Mundan başga-da,onyň ýolagçylar uçagy (şol uçary “Türkmenistan howaýollary” 2021-nji ýylyň iýunynda alypdy) bolandygyna garamazdan, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow uçary öz syýahatlarynda ulanýardy, hatda, prezidentiň uçar parkynda başga-da 3 sany VIP Boýing bar.(ikisi 737 we biri 777 kysymly).

Hut şol uçar bilen kiçi Berdimuhamedow iýunyň başlarynda kiçi haj üçin Saud Arabystanyna gidipdi.The post “Türkmen.news”: “Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa saglygyny bejertmäge gitdi” first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenhowaýollary şu ýylyň birinji çärýeginde ýene bir Boeing 777-200LR uçaryny satyn alar
Ukraýinadaky uruş sebäpli, Boýing Russiýa we MA döwletlerine uçar satuwyny çaklamadan ýüz öwürýär
Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Türkmenabada ilkinji ýolagçy gatnawy amala aşyryldy
Türkmen döwletiniň uçary ABŞ-nyň Florida ştatynda köpçüligiň ünsüni çekdi
Olimpiýa şäherçesinde Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary galdyryldy
Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Adlerde gondy (üsti ýetirilen)