Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde duşuşdylar.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletleriň arasynda ýokary döwlet derejesinde alnyp barylýan ynanyşykly we yzygiderli gepleşikleriň netijesinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.Ministrler syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn aýlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine taýýarlyk meselelerine seretdiler. Şeýle hem iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
Türk Resmi Wekiliýeti Özbegistanda Saparda Bolýar
Türki Döwletleriň Guramasynyň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň Maslahaty Bişkekde Geçirildi
Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Eýranda ykdysady kynçylyklar sebäpli başlanan protestlerde alty adam ýogaldy