Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek bilen bagly alnyp barylýan işler maslahatlaşyldy

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek bilen bagly alnyp barylýan işler maslahatlaşyldy

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowa enesi Ogulabat Berdimuhamedowynyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak we ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine ünsi çekdiler.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikde geçirýän ikitaraplaýyn çärelerine we duşuşyklaryna oňyn baha berildi. Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, Şabat Daşoguz serhedindäki Türkmenistan — Özbegistan serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň döredilmegine, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirilmek we dowam etdirilmek, şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler aýratyn üns berdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary ýakyn günlerde belleniljek Oraza baýramy bilen birek-biregi we ýurduň halkyny gutladylar we iň gowy arzuwlary beýan etdiler.

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek gatnaşyklaryndaky meseleler il-ýurt bähbitlerine 'ters gelýär'
II türkmen-özbek sebitara forumy ýokary netijeli geçirildi
Türkmen-özbek serhedinde açyljak täze bazar haryt bilen 'doldurylýar', prezident portretleri bilen bezelýär
Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi dabaraly açyldy
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde dürli ugurlara degişli möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Daşkentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşine bilelikdäki söwda öýlerini açmagy teklip etdi