Türkmen oppozisioneri ýurduň geljegi we Putine berlen sorag hakynda

Witaliý Wolkow

Deutsche Welle

(“Türkmenistanyň Hronikasynyň” terjimesi)

Türkmenistan öz bitaraplygyny saklamaga ukyplymy, türkmenler ýurtdan nirä we näme üçin gidýärler? Oppozisioner Nurmuhammet Hanamow DW bilen söhbetdeşlikde şu we beýleki soraglara jogap berdi.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Hanamow 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri syýasy bosgun durumynda, Wenada ýaşaýar.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolan Hanamow gaýybana ömürli tussaglyga höküm edildi.

Ol DW bilen söhbetdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyrşy döwründe ýurduň öňünde duran problemalar we golaýda bolan “Göni liniýada” rus prezidenti Wladimir Putine nähili sorag berendigi hakynda gürrüň berdi.

DW: Şu günki günde daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýasynyň işi hakykatda nola barabar diýip aýtmak bolarmy?

Nurmuhammet Hanamow: Türkmenistanda emele gelen şertlerde oppozisiýanynyň işi örän çylşyrymly. Ýurduň içinde açyk işlemek real däl.Hatda Türkmenistan bilen telefon ýa internet aragatnaşygy hem, ýurt içinde agzalmaýan temalara ýanaşylsa, ýurduň içindäki ýaýaşaýjylar üçin örän howply.

Eger arkasynda ABŞ ýaly şeýle kuwwatly ýurt duran “Azatlyk” radiosy öz ştatdan daşary habarçylaryny gorap bilmeýän bolsa, biziň partiýamyz ýa daşary ýurtlarda ýerleşýän örän çäkli mümkinçiligi bolan hökümetden aýry guramalar barada näme gürrüň edip bolar!

Halk bilen aragatnaşygyň bolmadyk ýagdaýynda bolsa, oppozisiýanyň netijeli işi barada gürrüň edip bolmaýar.

Mundanam başa, 2000-nji ýyllaryň başynda Günbatar oppozisiýa bilen has işjeň aragatnaşyk saklaýardy, Saparmyrat Nyýazowyň hereketlerine tankydy reaksiýa bildirýärdi.Häzir ýagdaý üýtgedi.Onsoň, günbatar syýasatçylary eger täze prezident gelen bolsa, ozalky bolan zatlary unutmak gerek, onuň bilen arany bozanyňa degenok diýen karara gelen ýaly bir pikir döreýär.

Bu ýerde ykdysady we geosyýasy meseleler uly rol oýnaýar, adam hukuklaryna bolsa göz ýumýarlar. Ýogsam bolmasa, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana sapary mahalynda, terrorizme garşy göreş bu Aşgabadyň Baş sekretaryň Aşgabada saparynda öňde goýan meselesi adam hukuklary bozulýan ýagdaýynda netijeli bolup bilmez hem diýdi.

Respublikadan wagtal-wagtal, ýörite gulluklaryň berk kontrollygyna garamazdan, käbir etraplarda radikal yslama eýerijileriň toplanýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar. Siz bu barada näme bilýärsiňiz?

Hakykatdanam Türkmenistanda häzir ýagdaý üýtgeýär, ýogsa, musulman ýurdy bolanlygyna garamazdan, SSSR döwründen bäri ilatyň dini yňdarmalyga ýykgyn edişi beýle bir göze ilmeýärdi. “Yslam döwleti” (YD) toparynyň arasynda Türkmenistandan çykan adamlaryň hem peýda bolmagy tötänlik däl.

Munuň sebäbi örän uly işsizlik derejesi, pulsuzlyk we ýurtdaky ýiti sosial adalatsyzlyklar bilen bagly.Adamlar maşgalasyny eklemek ýa-da olary bu dowzahdan çykarmak üçin islendik zada taýýar bolýarlar. Şu sebäpden ol ýerde dini guramalara tutuş maşgala bolup girýärler we maşgalalary bilen ýurtdan gitmäge hem-de Owganystanda regiondan çykan adamlardan düzüläýn yslamçy guramalara, şol sanda YD-a birikmäge çalyşýarlar.

Onsoň, gürrüňsiz, ol ýerde tälim alyp, taýýarlyk synaglaryndan geçip, ýurda dolanýan we ýurt içinde wagyz işlerini alyp ýarýan adamlar hem bar.Belki-de olar mätäç adamlara maliýe kömegini berýändirler. Üstesine, bu günki günde Türkmenistanyň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertleri has agralýar, nebit-gazyň bahalarynyň aşaklamagy bilen býujet çat açýar, sosial meseleler zerurlyklar üçin goýberilýän serişdeler kemeldilýär, walýuta çalyşmak mümkinçiligi hem ilat, hem hususy telekeçiler üçin ýapyldy.

Kiçi we orta kärhanalaryň köpüsi işini bes edýär.Onsoň adamlar nirä gitmeli?

Bagtyňy zähmet migranty ýa-da “torbaly söwdegär” hökmünde gözlemek mümkinçiligi bar…

“Torbaly söwdegärler” maşgalasy bu ilatyň kiçi-girim prosenti däl, walýuta çalyşmak gadan edilenden soň özleriniň ýaşaýyş üçin girdeji çeşmelerini ýitirýärler.Häzir bolsa Türkmenistanda sosial ýeňillikler ýatyrylýar.

Köp adam Türkiýede restoranlardan öýlere nahar daşaýan bolup işe ýerleşýär, emma maňa Türkiýedäki türkmenleriň keýpinden mälim bolşuna görä, ol ýerde ornaşyp bilmeýänleriň köpüsi her edip, hesip edip, Russiýa we beýleki ýurtlara wiza almaga çalyşýar.

Onsoň olar eýýäm Türkmenistana dolanmaýarlar, sebäbi ýurtda wiza düzgünini bozandyklary üçin jeza garaşýar.Ilkinji nobatda hem olar yzda galan maşgalalaryny öz ýanlaryna getirmäge çalyşýarlar.

Emma Türkmenistan ozal goňşularyna garanda, gaz gorlarynyň arkasynda, has abadançylykly ýurt hasaplanýardy ahyryn?

Türkmenistanyň ykdysadyýeti tutuşlygyna diňe gazyň bahasyna hem-de kimiň we näçe kredit berjegine daýanýar.Döwrebaplaşmak programmasy ýok.Iň ýamany, pudaklaryň ýolbaşçylary hünärmenler, iş bilýän adamlar bolmaýar we wezipä bellenenleri alty aýdan täzeleýärler.

Olar döwrebaplaşmak bilen däl, her hilki ýagdaý bolsa bolsun, olar asla islendik inisiatiwa hem-de ideýa garşy durýarlar. Şu sebäpden ýakyn geljekde işsizlik problemasyny çözmek mümkinçiligi hem ýok.

Metbugat, 2016-njy ýylyň maglumatlaryna salgylanyp, Gazagystandan we Özbegistandan tapawutlylykda, Türkmenistanyň gaz çykarmagyny kemeldigini habar berýär…

Türkmenistan gaz çykarmagyny kemeltmäge mejbur boldy.Ol häzir Hytaýa iberýän gazyny köpeldip bilmeýär.Eýran bilen bolsa, gaz satmak başlanan gününden bäri diýen ýaly oňşuksyzlyklar boldy we bu şeýle bolmagynda hem galýar.

Indi Russiýa hem gaz iberilmeýär.Emma gaz önümçiliginiň kemeldilmegi ýurduň ykdysadyýetine öräm güýçli täsir ýetirer.Eger häzir işläp duran gaz ýataklarynyň işini duruzsaň, soň olary dikeltmek üçin ägirt uly çykdajy etmeli bolar.

Russiýa indi Türkmenistanyň gazyny almaýar. Eýsem bu ýagdaýda Moskwanyň Türkmenistandaky rus dilli ilatyň hukuklarynyň berjaý edilmeginde has talapkär pozisiýada durmagyna garaşyp bolarmy?

Russiýa bilen arada baglaşylan goşa raýatlyk ylalaşygy Aşgabat tarapyndan hakykatda bir taraplaýyn tertipde ýatyryldy.Netijede, Türkmenistanyň şoňa çenli goşa raýatlyk alan raýatlarynyň hem uly bölegi hukuk ejirini çekdi, ýogsam bolmasa kanunyň yzyna güýji bolmaly däl.

Emma Türkmenistanda bu normalaryň berjaý edilmegine şu günki günde hem päsgel berýärler.Görnüşinden, Moskwa Aşgabada diplomtiki ýollar arkaly täsir ýetirmäge çalyşýar, emma häzir mundan netije ýok.Mundanam başga, 2002-nji ýylda amala aşyrylmaga synanyşylan diýilýän döwlet agdarylyşygy aýyplamalarynda aýyplanyp tussag edilen kärdeşlerimi ýatlatmak isleýärin.

Ine, indi on bäş ýyl, olar türmede edil suwa gark edilen ýaly.Olar barada hiç bir habar ýok.

Olaryň arasynda rus raýatlary hem bar. Şol sanda, ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow hem bar.Kanun boýunça başga ýurtlaryň raýatlary şol döwletlere tabşyrylmaly.Mysal üçin, bu işde atlary geçen türk raýatlaryny bada-bat Türkiýä berdiler.

Olary türk sudlary sud etdiler we ol adamlar eýýäm azatlyk.Emma Russiýa näme üçindir öz raýatlarynyň özüne tabşyrylmagyny gazanmaýar.Eger bu ugurda tagalla edýänem bolsa, bu barada kän gep-gürrüň çykarmazlyga çalyşýar. Şyhmyradowyň garyndaşlary rus DIM-niň ähli gapysynyň agzyny torç etdiler, Russiýanyň prezidentine hem ýüz tutdylar, emma bu mesele şu güne çenli çözülmän galýar.

Biz bu soragy düýnki “göni liniýada” Wladimir Putine hem iberdik.Russiýa Türkmenistandaky raýatlarynyň bähbitlerini näme sebäpdendir goramaýar, ýogsa Ukrainany, baltika döwletlerini görkezip, şeýle etmäge taýýardygyny jar edýär.Emma biziň Putine iberen soragymyz agzalmady.

Häzir Türkiýe Türkmenistana has ýakyn ýaran diýip hasaplamak mümkinmi?

Türkiýe SSSR dargaly bary ähli türki dilli döwletleri öz daşyna jebisleşdirmek planyny öňe sürýär.Emma o mahallar Türkiýede başga režim bardy, bu günki režim bolsa düýpden başga.

O mahal, açyk dile getirmezlige çalşan-da bolsalar, Türkmenistandaky diktatura Türkiýä doly ýaraýardy.Emma bu günki gün Türkiýäniň özünde Rejep Taýyp Erdogan, hakykatda Türkmenistanyň tejribesini kabul etmek bilen, iki ýolbaşçy kürsini eýeledi.

Türkmenistan bolsa onuň öz garşydaşy Gülen bilen baglanyşykly talaplaryny doly ýerine ýetirýär: ol ýerde gülen mekdepleri, dükanlary ýapyldy, olaryň eýleriniň köpüsi tussag edildi.Onsoň Türkmenistan Türkiýe bilen “Mawy akym” proýektini hem örän amala aşyrmak isleýär.

Emma muňa Hazaryň durumy hakyndaky meseläniň çözülmezligi böwet bolýar.

Sebitdäki häzirki howpsuzlyk aladalary nazara alnanda, Türkmenistan bileleşiklere goşulmaýan döwlet bolmagynda galyp bilermi?

Haçanda Nyýazow Türkmenistanyň bitarap döwlet durumyny almaga çalşan wagtynda, bu oňa peýdalydy.Oňa GDA-nyň agzalarynyň ähli borçlaryndan çetleşmek, gyra çekilmek gerekdi. Ýöne ol wagt ýagdaýam başgaçady.

Owganystanda “talyplar” bardy, emma Türkmenistan olar bilen konflikte girmeýärdi.Tersine, Türkmenistan olara nebit önümlerini berýärdi.Häzir “talyplar” Owganystanyň demirgazygynda aktiw hereket edýärler, ol ýerde YD toparlary hem peýda boldy.

Olar Türkmenistan bilen serhetleşýän ilatly punktlary ele geçirmäge başladylar.Olaryň hatarlarynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan çykan adamlar hem kän.Onsoň olar bu ýere, şol sanda Türkmenistana sümüp girmek bilen gyzyklanýarlar.

100-150 adamlyk örän gowy taýýarlanan toparlanyşyklar bar.Olar käbir aýratyn alnan yçastoklarda respublikanyň territoriýasyna aralaşyp, serhediň golaýyndaky nebit-gaz ýataklaryny eýeläp bilerler. Şu sebäpden bütin dünýäde üzňeleşmek we Türkmenistan öz problemalaryny özi çözer diýmek häzir örän çylşyrymly.

Türkmenistanyň goşunlarynyň söweş ukyby örän pes, bu hemmelere belli zat.Meniň pikirimçe, haçanda ýiti zerurlyk dörände, Aşgabat öz bitaraplygyndan yza çekilmäge mejbur bolar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow korrupsiýa garşy berk göreşjekdigini yglan etdi. prokuraturanyň işgärleri tussag edildi, millionlap dollar konfiskasiýa edildi. Bu býujeti doldurmak zerurlygymy ýa-da ýurduň abraýyny gowulandyrmak bilen baglymy?

Bu hili ýagdaý Nyýazow döwründe hem bolupdy.Ol ministrleri, prokurorlary az işden aýyrdymy?Olaryň öýlerindenem millionlar, altyn tapylypdy… Bu halanýan hile-pirim.Eger-de prezident hakykatdanam korrupsiýa garşy netijeli göreşe başlamak isleýän bolsa, ol bu işe ilki öz garyndaşlaryndan başlamaly.

Onuň aýal doganlary, giýewileri bar, öz çagalary, ýegenleri bar şolar ygtyýar bermese, Türkmenistanda häzir çöp başy gymyldamaýar.Bu tutuş bir ulgam, ol ýerde hem para bar, hem korrupsiýa.

Eger ol meseläniň şu ýerinden çözüp başlasa, bu bir günüň meselesi bolmasa-da, başgalar hakykatdanam oýlanmaga mejbur bolarlar.

Ýene degişli makalalar

Guterriş dünýädäki häzirki ýagdaýy dartgynly diýip häsiýetlendirdi
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Türkmenler irki saýlawlary "Serdaryň saýlawy" atlandyrýar, oppozisiýa ýurduň daşynda alternatiw saýlawlary planlaşdyrýar
Türkmen aktiwistleri Nýu-Ýorkda syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etdiler
“Aladdin we jadyly çyra” — A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze sahna eseri
Mämmethan Çakyýew: “Türkmenistan ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär”
Häkimiýetler daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistlerine garşy ýygnaklary geçirýärler