Türkmen pagta önümlerini ABŞ-da satuwa çykaran kompaniýa indi öz harytlaryny “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satýar

Türkmen pagta önümlerini ABŞ-da satuwa çykaran kompaniýa indi öz harytlaryny “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satýar

Ondan ozal, düýbi Wiriginýada ýerleşýän “Goza” kompaniýasy türkmen pagtasyndan öndürilen dokma önümlerini Birleşen Ştatlaryň onlaýn söwda kompaniýalarynyň üsti bilen alyjylara ýetirýärdi.Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde häkimiýetleriň mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edip gelýär. ​Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” gazeti 2018-nji ýylyň 27-nji noýabrynda türkmen pagtasyndan ýasalan dokma önümleriň “Goza” haryt nyşany bilen ABŞ-nyň “Walmart” we “Amazon” söwda platformalarynda dünýä ýüzüne çykarylýandygyny habar beripdi. Ýatlasak, Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi.

Bu gadagançylyk häzire çenli öz güýjüni saklaýar.Azatlyk Radiosy türkmen nah ýüplüginden öndürilen harytlaryň agzalýan gadagançylyga garamazdan, amerikaly alyjylara satylmagy barada noýabryň aýagynda habar berdi.Bu habaryň yzýany, düýbi Waşingtonda ýerleşýän International Labor Rights Forum guramasy mejbury zähmet bilen baglylykda tankyt edilýän türkmen pagta önümçiligine degişli harytlaryň Birleşen Ştatlaryň bazarlarynda haýsy şertlerde satuwa çykarylýandygyny öwrendi.

Guramanyň 31-nji ýanwarda Thomson Reuters Foundation-yň saýtynda çap eden makalasyndan mälim bolşuna görä, “Gozanyň” wekilleri “Walmartdaky” we “Amazondadaky” türkmen pagtasyndan ýasalan önümleriň Birleşen Ştatlarda türkmen pagtasyna girizilen gadagançylykdan has ozal ýurda import edilendigini aýtdy.

Häzirki wagtda “Goza” nah ýüplükden ýasalan harytlary Birleşen Ştatlarda “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satýar.Onlaýn bildirişlerde “Gozanyň” el süpürgiçleriniň we beýleki harytlarynyň gapdalynda geçen ýyl “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy duran bolsa, indi bu ýazgy “Pakistanda öndürildi” diýen belgä çalşylypdyr.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele dogrusynda “Goza” kompaniýasyndan telefon arkaly kommentariýa almak synanyşygy häzirlikçe netije bermeýär. Şu günler Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Ýurduň Sowet döwründen miras galan pagtaçylyk pudagyna döwlet doly gözegçilik edýär, býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we lukmanlar köpçülikleýin pagta ýygmaga mejbur edilýärler.

Anti-Slavery International, ýagny Gulçulyga garşy halkara guramanyň Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edip, şu ýylyň martynda çap eden hasabatynda türkmen pagtasynyň we dokma önümleriniň hususan-da türk kompaniýalarynyň üsti bilen dünýä bazaryna çykýandygyny habar berdi.

Guramanyň hasabatyna görä, Türkmenistan bahasy ýylda 300 million dollardan gowrak pagta we ondan öndürilen önümleri Türkiýä eksport edýär. Şu wagta çenli dünýä belli global markalar, şol sanda “H&M”, “IKEA”, “Adidas”, “Esprit” we beýlekiler, galyberse-de sermaýaçylardan, biznes jemgyýetlerinden, kärdeşler arkalaşyklaryndan hem-de hukuk goraýjy toparlardan düzülen 60 töweregi wekil Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-a importy gadagan edilen türkmen pagtasynyň önümleri’ Amazon’ we Walmartda’ satylýar
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Hökümet pagta planyny artdyrjakdygyny aýdýar, hukuk toparlary mejbury pagta önümçiligine ünsi çekýär
Türkmen pagta önümlerini ABŞ-da satuwa çykaran kompaniýa indi öz harytlaryny “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satýar
Täze ýyl: Türkmenistanda göçme söwda nokatlarynyň 883-si ilata hyzmat edýär
Hökümet maslahatynda “Goza” magtaldy, ýöne pagta önümçiligindäki mejbury zähmet agzalmady