Türkmen pasporty erkin syýahat etmekde 89 oruny eýeledi

Türkmen pasporty erkin syýahat etmekde 89 oruny eýeledi

Howa ýollary ulagy barada halkara assosiaýasy we Britaniýanyň “Henleý & Partners” edarasy wiza çäklendirmeleri boýunça “Pasport Indeksi 2021” atly hasabatyny ýaýratdy.

Hasabat dünýä ýurtlarynyň raýatlarynyň näderejede erkin syýahat edip bilýändigini görkezýär.

Dünýäde Ýapon pasportyna eýe bolmak iň amatlysy. Olar dünýäniň 193 ýurdyna wizasyz syýahat edip bilýärler. Ýaponiýadan soňra Singapur, Günorta Koreýa, Germaniýa we Italiýa ilki bäşlige girýärler.

Çehiýanyň raýatlary dünýäniň 186 ýurdyna wizasyz syýahat edip bilýärler.

Owalky sowet giňişligine girýän ýurtlaryň arasynda Ukraýina 35 orun, Russiýa 48 oruny berlipdir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde Gazagystana, 69 orun, Gyrgyzystana 79 orun, Täjigistana 84 orun we Özbegistana 85 orun berlipdir.

GDA ýurtlarynyň arasynda Türkmenistana iň soňky 89 orun berilipdir.

Bu orunda Butan we Günorta Afrika respublikasy hem bar. Täze hasabatda Owganystan ahyrky orny eýeläpdir.The post Türkmen pasporty erkin syýahat etmekde 89 oruny eýeledi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Adam ösüşi indeksi boýunça dünýäde 97-nji orny eýeledi
Senagat Önümçilik Indeksi 8,9 Göterim Artdy
Dünýäde azyk önümleriniň bahalary rekord derejesine galýar
"Horasanyň yslam döwleti": olar aýratyn näme görkezýärler we näme gazanýarlar?
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy
Türkmenistan ýurtlaryň asudalygyny ölçeýän indeksde 7 dereje ýokary galdy