Türkmen prezidenti ABŞ-nyň saýlanan prezidentini gutlady

Türkmen prezidenti ABŞ-nyň saýlanan prezidentini gutlady

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan jenap Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýip, TDH 6-njy noýabrda habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, döwlet baştutany Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, bu ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Şeýle-de, Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, saýlanan prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi
Waşingtondaky hüjümden soň ABŞ 19 ýurduň raýatlarynyň "Green Card"-yny gözden geçirýär, arasynda Türkmenistan hem agzalýar
ABŞ penni zikgelemegini bes etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Halkara olimpiadalar üstünlikleriň batly gadamy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Merkezi Aziýa — Hytaý" sammitindäki çykyşy