ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, Waşingtonda Milli Gwardiýanyň goşunlaryna edilen hüjümden soň, Owganystandan we başga-da 18 ýurtdan gelen we hemişelik ýaşaýyş rugsady ýa-da "Green Card" dokumenti bolan her biriniň immigrasiýa statusyny gözden geçirjekdigini yglan etdi.
"ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň görkezmesi esasynda, men alada döredýän her ýurtdan gelen her bir daşary ýurtly üçin her bir "Green Card"-yň doly möçberde, berk gaýtadan gözden geçirilmegini tabşyrdym" diýip, ABŞ-nyň Raýatlyk we Immigrasiýa Gullugynyň (USCIS) direktory Jozef Edlow 27-nji noýabrda X-de ýazdy.
Jozef Edlowyň beýanatynda ABŞ-nyň haýsy döwletleriň 'alada döredýän ýurt' hasaplaýandygy görkezilmedi.
Edlowdan barlagyň haýsy ýurtlara degişlidigini anyklaşdyrmak barada soralanda, USCIS-iň metbugat wekili prezident Donald Trampyň iýun aýynda 19 ýurdy "anyk alada döredýän" diýip klassifikasiýa eden ýurtlara degişli permanyny agzady diýip, AFP agentligi ýazdy.
"Reuters" agentligi USCIS-ň resmisi Trampyň iýun aýynda Owganystan, Burundi, Laos, Togo, Wenesuela, Sýerra-Leone we Türkmenistan ýaly 19 ýurduň raýatlaryna garşy girizen syýahat gadaganlygyna salgylandy diýip ýazdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 4-nji iýunda gol çeken we 9-njy iýunda güýje giren kararyna laýyklykda, 12 ýurduň raýatlary üçin ABŞ-a girmegi doly gadagan etmek we ýene ýedi ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna çäklendirmeleri girizmek göz öňünde tutuldy. Bu karar ýurdy “daşary ýurtly terrorçylardan goramak” maksady we howpsuzlyk wehimleri bilen düşündiripdi.
Şol karara görä, Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine gadaganlyk girizilýär. Amerikan häkimiýetleriniň düşündirişine görä, bu çäreler käbir ýurtlaryň raýatlarynyň ABŞ-nyň wiza düzgünlerini köpçülikleýin bozmagy bilen baglylykda kabul edildi. Bellesek, bu sanawa Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndan diňe Türkmenistan goşulypdy.
Resmi Aşgabat, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky özgerişler boýunça häzirlikçe beýanat bilen çykyş etmediler. Emma türkmen häkimiýetleri iýunda ABŞ-nyň türkmen raýatlarynyň Birleşen Ştatlaryň çägine girmegine bölekleýin gadagançylyk girizmek baradaky kararyna “aşa düşünişmezlik” we “alada” beýan edipdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 10-njy iýunda ýaýradan beýanatynda Türkmenistanyň migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýändigi aýdylyp, “türkmen tarapynyň çuňňur ynamyna görä, beýan edilen çäklendirmelere kybap çäreler kabul edýän ýurtda daşary ýurt raýatlarynyň gödek hukuk bozulmalary amala aşyran ýagdaýlarynda girizilýär” diýlip, daşary ýurtlara, şol sanda ABŞ-a gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň kanunlary berjaý etmegiň “ýokary derejesi bilen tapawutlanýandyklaryny” aýratyn nygtap geçipdi.
“Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär” diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň iýunda çap eden beýanatynda aýdyldy.
Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda ABŞ-a barmaga islegler soňky ýyllarda ep-esli artdy. Şeýle-de, ABŞ-da hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny almaga mümkinçilik berýän we bije görnüşinde çekilýän "Green card" almaga islegler ýokarlandy.
Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri türkmenistanlylaryň bu meselä üns bilen syn edilýändigini, hususan-da, ABŞ-da emlägi bolan türkmen raýatlarynyň Ak Tamyň wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýandygy habar beripdi. Birleşen Ştatlarda gozgalmaýan emlägi bolan türkmen raýatlarynyň, ýa-da ýokary wezipeli adamlaryň sany barada anyk açyk maglumat ýok.
ABŞ-nyň resmileri tarapyndan yglan edilen soňky çäre çarşenbe güni Waşingtonda bolan atyşykda tussag edilen şübheliniň ozal Owganystandaky amerikan güýçleri bilen işleşen owgan raýaty diýip, anyklanmagynyň yzýanyna gabat geldi.
ABŞ-nyň esasy baýramçylyklarynyň biriniň, “Thanksgiving”, Sagbolsun gününiň öňüsyrasynda, 26-njy noýabrda Waşingtonda, Ak Tamdan birnäçe kwartal uzaklykda, Milli gwardiýanyň iki esgeri köçelerde gözegçilik edýän wagtynda tüpeňlenip, agyr ýaralandy.
27-nji noýabrda ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy (USCIS) owgan raýatlary üçin ähli immigrasiýa meselelerine seretmegi näbelli bir möhlete çenli togtadýandygyny yglan etdi diýip, “Fox” neşiri habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.