Türkmen raýatlary Jon Smit gaznasynyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşyp bilerler

Jon Smit gaznasynyň talyp hakly meýilnamasyna Türkmenistandan ýaş hünärmenler bilen bir hatarda, Gündogar Ýewropanyň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň wekilleri gatnaşyp bilerler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Instagram” akkaundynda habar berildi.

Bu maksatnama, Angliýanyň iň gowy uniwersitetlerinde intensiw okuwyň çäginde dolandyryş, jemgyýetçilik adalaty we kanunyň hökmürowanlygy ýaly ugurlarda bilimiňi kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şotlandiýada bir hepdelik seminar we Londonda üç hepdelik leksiýa iň ýokary derejeli bilermenler jemgyýetiniň wekilleri tarapyndan geçiriler.

Gyzyklanma bildirýänler, maksatnamanyň resmi web sahypasynda 31-nji iýula çenli ýüz tutup bilerler.

Jon Smit gaznasy 1996-njy ýylda Angliýanyň iň meşhur syýasatçylarynyň biriniň hormatyna döredildi.

Ýene degişli makalalar

Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
“Lester Sitiniň” öňki we soňky tälimçileri
TÜRKMENISTAN ABŞ: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI
ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň işgärleri kärdeşlerine litografiýa neşirleri üçin tehniki serişdeleriň ulanylyşyny öwredýärler
ABŞ-da Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler indiki ýyl Aşgabatda geçiriler