Türkmen raýatlaryna türk wizasyny almak üçin goşmaça resminama gerek bolar

Türkmen raýatlaryna türk wizasyny almak üçin goşmaça resminama gerek bolar

Türkmenistanyň raýatlary, türk wizasyny almak üçin mundan beýläk ýene bir resminama tabşyrmaly bolarlar. Türk wizasyny almak üçin talap edilýän resminamalaryň sanawyna notarius tarapyndan tassyklanan “Razylyk deklarasiýasy” goşuldy.

Täze talap 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan güýje girer. Bu barada 2-nji ýanwarda ýarym resmi neşir Arzuw.news Türk wiza merkezine salgylanyp habar berdi.

"03.03.2023-den başlap, Türkmenistanyň raýatlary türk wizasyny almak üçin Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wiza merkezine ýüz tutanda notarius tarapyndan tassyklanan 'Razylyk deklarasiýasyny' tabşyrmaly" diýlip, habarda aýdylýar.

Talap edilýän resminama barada jikme-jik düşündiriş ýok. Türk wiza merkeziniň web sahypasyndaky habarda täze talabyň girizilendigi barada maglumat berilýär, ýöne görkezilen salgyda goşmaça maglumat we deklarasiýanyň teksti ýok.

Ýurtlaryň arasynda wiza düzgüni 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda girizildi. 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlary üçin wiza düzgünini girizmek haýyşy bilen türk tarapyna ýüz tutdy. 13-nji sentýabrda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 15 ýyldan gowrak wagtlap saklanan türkmen raýatlary üçin wizasyz režimi ýatyrmak barada karara gol çekdi.

Ondan öň Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk maksady bilen Türkiýede 30 güne çenli galyp bilerdiler.

“Arzuw.news” neşiriniň maglumatynda bellenişi ýaly, wiza režimi girizilenden soň Aşgabatda işe başlan Türk wiza merkezinde Türkmenistanyň raýatlary üçin bir gezeklik syýahatçylyk wizasy 60 dollara, köp gezeklik wiza - 190 dollara durýar.

Mundan öň Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkiýä gitmek üçin adam başyna umumy çykdajylaryň 1000 dollardan geçendigini habar beripdi.Bu hasap wiza, uçar bileti we hatda para ýaly çykdajylary öz içine alýar.

Hususan-da, noýabrda 440 dollara duran uçar biletiniň resmi bahasyna ortaça hasapdan 200 dollar para goşuldy; wizany almak bilen bagly çykdajylar 250 dollardan geçdi.Galanlary, Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan alynýan zerur şahadatnamalaryň we koronawirus testleriniň çykdajylaryndan düzüldi.

Wiza režiminiň girizilmegi, koronawirus pandemiýasy sebäpli iki ýyldan gowrak wagtlap ýurtlaryň arasynda tas bolmadyk syýahat mümkinçiliginden düýbünden mahrum bolan türkmen raýatlarynyň ýagdaýyny hasam çylşyrymlaşdyrdy. Türkmen hökümetiniň Türkiýä yzygiderli uçar gatnawyny dikeltmegi wiza režiminiň girizilmeginiň göni yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň raýatlary Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsat alanlaryň sany boýunça ýylsaýyn ilkinji üçlügiň hataryna girýär.

Resmi taýdan Türkiýede 250 000 cemesi türkmenistanly ýaşaýar, garaşsyz çeşmelere görä, bikanun galýanlaryň sany birnäçe esse köp.

Wiza talaby girizilensoň, türkmen migrantlary Türkiýeden köpçülikleýin deportasiýa edilip başlandy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen raýaty türkiýä syýahat wizasyny almak üçin yzyna gaýtjagyny kepil geçmeli
Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany ulanyşa berlen’ jaýlar barada ýasama reportažlar ýazgy edilýär
Aşgabatda täze diş merkezi gurulýar, Lebapda lukmanlar dermanlary we serişdeleri öz hasabyna satyn alýar
Türkiýä gidýän Türkmenistanyň raýatlary ýene bir goşmaça resminama almaly bolarlar
Ysraýyl, Palestinaly 256 Türgeni Öldürdi
Rafahy Terk Edenleriň Sany 110 Müňe Golaýlady