Türkmen-rus parlamentara dostluk topary döredildi

Saparda iki ýurduň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleri babatynda pikir alyşyldy. Türkmen-rus parlamentara dostluk topary döredildi.

Türmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Russiýada özara duşuşyk geçirdiler.

Kärdeşini mähirli garşylan Walentina Matwiýenko, ikitaraplaýyn hormat we bähbitleriň esasynda özgerýän iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardan hoşaldygyny beýan etdi.

Kärdeşler biri-birlerine sowgat berenlerinden soň, iki ýurduň hzyamdatdaşlygyna bagyşlanan surat sergisine gezelenç etdiler, ondan soň bolsa toparara gepleşikler geçirdiler.

Geçirilen duşuşyklarda Türkmen-rus parlamentara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryň we tamalaryň üstünde durulyp geçildi, hyzmatdaşlygyň has hem özgerdilmegi üçin gelejegi uly bolan ugurlar kesgitlendi.

Duşuşyklaryň netijesinde Türkmen-rus parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi bilen bagly ylalaşyk resminamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň baş geňeşinde çykyş etmegine garaşylýar.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllar örän özgerdi. Geçen birnäçe aý ozal Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine goşan gymmatly goşandy mynasybetli Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowa Ýokary derejeli Döwlet nyşana gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Matwiýenko Türkiyä sapar gurar
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlady
9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi