Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler

Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki taksileriň we traktorlaryň sürüjileri ulaglar hatardan çykanda, olary öz hasaplaryna bejertmeli bolýandyklaryny we bu çykdajylar sebäpli güzeran aýlamagyň barha kynlaşýandygyny aýdýarlar.Aşgabadyň awtoulag kärhanasynda işleýän we ýurt içinden gizlinlik şertlerinde maglumat beren birnäçe taksi sürüjisiniň aýtmagyna görä, hatardan çykýan taksiler üçin sürüjiler her aýda 100 manatdan 1000 manada çenli çykdajy edýärler. “Taksileriň käte motorynda, dwigatelinde problema bolýar ýa-da tekeri, penjiresi döwülýär.

Takside nähili näsazlyk bolsa-da, ony öz hasabymyza bejertmeli bolýarys.Bu ýagdaýdan nägile bolýan sürüjilere edaranyň resmileri ulagy awtoduralga goý-da, gapydan çykyp gidiber’ diýýärler” diýip, paýtagtly taksi sürüjileriniň biri gürrüň berdi.

Sürüjiler gündelik gazançlarynyň güzeran aýlamaga ýetmeýändigini hem aýdyp, özleriniň iş güni tamamlanandan soňra artykmaç işläp, goşmaça gazanç etmäge mejbur bolýandyklaryny belleýärler. Ýöne olar munuň üçin kärhana ýolbaşçylaryna bikanun tölegi geçirmeli bolýandyklaryny hem aýdýarlar. “Takside giçlik sagat 6-dan soň kireý etjek bolsaň, kärhananyň ýolbaşçylaryna her gün üçin 50-60 manat para bermeli.

Sürüjiler maşgala eklemek üçin gije sagat 12:00-01:00-a çenli işleýärler” diýip, paýtagtly sürüji özleriniň zähmet haklarynyň aýda 110 manada barabardygyny hem belledi. Şuňa çalymdaş ýagdaýlara Lebap welaýatynyň “Lebapobahyzmat” önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň “Obahyzmat”önümçilik kärhanasynyň traktor sürüjileri hem duçar bolýandyklaryny aýdýarlar.

Agzalýan kärhanada 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýän traktor sürüjileriniň ençemesi gizlinlik şertlerinde Azatlyk Radiosyna bu ýerdäki iş şertleriniň mundan bir ýyl öňki we şu günki ýagdaýlary barada gürrüň berdi. “Mundan ençeme ýyl ozal alýan aýlygymyz çagalarymyzy eklemäge ýetýärdi.

Soň-soňlar ýetmän başlady.Käbir traktor sürüjileri daşyndan kärende ýerlerini aldylar. Ýöne geçen ýyldan bäri ne kärende ýerinden, ne-de sürüjilik aýlygymyzdan gelýän girdeji maşgala eklemäge ýetýär.Sebäbi hemme zat gymmat. Üstesine-de, traktor hatardan çyksa, özüň bejertmeli, ähli ätiýaçlyk şaýlaryny özüň satyn almaly.

Aýlygyň-da wagtynda berilmeýär” diýip, saýatly traktor sürüjisi aýtdy.Galyberse-de, ol oba hojalyk ýerlerinde ikinji ekini etrabyň prokuraturasynyň, howpsuzlyk gullugynyň, polisiýasynyň ýa-da häkimligiň ýolbaşçylarynyň ekýändigini we olaryň özleriniň eden işleri üçin töleg geçirmeýändigini hem belleýär.

Saýatly traktor sürüjileri 2019-njy ýyla geçip ýagdaýyň geçen ýylkydan hem ýaramazlaşandygyny aýdyp, şeýle diýýärler: “Başlyk täzelendi, ýöne üýtgeýän zat ýok.Beterleşmese, düzelenok.Indi traktor sürüjilerine döwlet tarapyndan 30 gektar ýeri sürer ýaly dizel ýangyjyny berýärler, ýöne olardan bu ýangyja 50 gektar ýeri sürmek talap edilýär. Şeýle-de, etraba gelen täze traktorlary sürmek üçin 5 müň manat bermeli, bolmasa-da köne traktory sürmeli.

Işgärleriň köpüsi diňe aç ölmezlik üçin işläp ýör” diýip, traktor sürüjisi aýtdy. Şeýle-de, ol bu şertlerde güzeran aýlamagyň kynlaşandygyny aýdyp, şu ýylyň başyndan bäri kärhananyň iki işgäriniň işden çykandygyny we Türkiýä gazanç etmäge gidendigini hem sözüniň üstüne goşdy. Ýokarda aýdylanlar barada Aşgabadyň awtoulag we Saýat etrabynyň “Obahyzmat”önümçilik kärhanalaryndan häzirlikçe kommentariýa alyp bolmady.

Türkmenistanda döwlete degişli awtobuslar we taksiler hatardan çykanda, sürüjileriň öz hasabyna awtoşaýlary satyn alyp, olary bejertmeli bolýandygy barada Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi. Şeýle-de, paýtagtyň awtoulag kärhanasynyň duralgasynda hatardan çykan awtobuslaryň ençemesiniň tozan basyp durandygy barada-da habarlar bar. 29-njy ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýeti döwlete degişlilikden bazar görnüşine geçirmelidigini nygtady we beýlekiler bilen bir hatarda, Aşgabadyň awtoulag kärhanasynyň hususylaşdyrylýandygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
"Russiýada işlemekden hiç bir many görmeýäris". Daşary ýurtlulara taksi sürmegiň gadagan etmegi barada, migrantlar näme pikir edýärler?
Aşa yssy howada ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär
Özkan Ugur Soňky Ýoluna Ugradyldy
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Diňle: Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi