Türkmen talyby Daşkentde halkara sylaga mynasyp boldy

Türkmen talyby Daşkentde halkara sylaga mynasyp boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Serdar Rahymow Daşkent şäherinde geçirilen halkara ylmy-amaly bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolmagy başardy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Özbegistan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň akademiýasynda geçirildi. Zehinli türkmen talyby Iň gowy hyzmatlary üçin atly nyşanlary we şahadatnamasy bilen sylaglandy.

Bu halkara ylmy we amaly bäsleşik Özbegistan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleri akademiýasynyň, Daşkent maliýe we ykdysadyýet uniwersitetiniň, Gözleg akademiýasynyň, Ylym merkeziniň, Özbegistanyň Tadbirkor oýol işewür aýallar birleşiginiň bilelikde guramgynda GDA ýurtlarynyň arasynda geçirildi.

Halkara bäsleşigiň esasy maksady jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna işjeň gatnaşýan, ylym, bilim we sport ýaly möhüm ugurlaryň ösüşine goşant goşup, yhlas bilen işleýän, hünärine wepaly ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmekden ybaratdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýene bir zehinli talyby Baýnazar Nepesowyň GDA-nyň iň gowy ýaş alymy — 2023 atly taslamanyň ýeňijisi bolandygy barada hem habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy
Ermenistanda Partlama Boldy
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Indoneziýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy