Türkmen talyplary Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII Uniwersiadasyna gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 7-12-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII Uniwersiadasy geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan 2 talyp we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp, şu ýylyň 6-13-nji oktýabry aralygynda saparda bolup, sport ýaryşyna gatnaşdylar.

Geçirilen ýaryşyň netijesinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň Himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 3-nji ýyl talyby Alsu Habibulina Sportuň ýeňil atletika (ylgamak) görnüşi boýunça 100 m aralykda 2-nji ýer, 200 m aralykda 2-nji ýer, uzynlygyna bökmek görnüşinde 3-nji orna mynasyp boldy.

Küşt görnüşinden geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Wepaly Halynýazow 3-nji orna mynasyp boldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubunyň başlygynyň w.ý.ý., tälimçi Maksat Orazow greble-indor boýunça 1-nji ýeri eýeläp, Hormat hatyna mynasyp boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Arslan Gaýypnazarow erkekleriň arasynda suwda erkin ýüzmek we suwda ýüzmegiň brass görnüşlerinden (50 m) geçirilen ýaryşda 2-nji orunlara mynasyp boldy.

Küşt görnüşi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Aýşe Gubataýewa 2-nji orna mynasyp boldy.

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ymam Huseýin(a.s) Türkmenler arasynda ýörite oruna eýedir(1)
Nigeriýada Sil Apaty Sebäpli 100 Müňden Gowrak Adam Öýsüz Galdy
Mewlüt Çawuşogly Nýu-Ýorkda ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirýär
Günäsi geçilen öňki tussaglar türkmen türmelerindäki parahorlukdan habar berýärler
Owganystan oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlar