Türkmen teatrynda Gilgameş atly taryhy drama sahnalaşdyrylýar

Türkmen teatrynda Gilgameş atly taryhy drama sahnalaşdyrylýar

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmämmet Galandarow şahyr Oguljennet Bäşimowanyň edebi esasyny ýazan Gilgameş atly adybir taryhy dramasyny sahnalaşdyrmaga girişdi.

Bu günki günde diňe türkmen däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň görnükli nusgawy eseri hasaplanylýan Gilgameş dessany esasynda sahnalaşdyrylýan täze spektakl halkymyzyň geçmiş-taryhynyň altyn sahypalaryny çeper keşpler arkaly suratlandyrýar. Ýakyn günlerde tomaşaçylara hödürlenjek spektaklda baş gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirmek teatryň R.Nazgurbanow, A.Berdiýewa, M.Sätiýew, A.Nepesowa ýaly belli artistlerine ynanyldy.

Taryhy dramanyň sahna bezegini we oňa gatnaşýan artistleriň eginbaşlaryny teatryň suratkeşi Kuwwat Mämmetnepesow ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

“Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşik
Reňkli sapaklar, şekiller, portretler zehinli nakgaşyň nusgalyk işleri
Orta mekdepleriň gutardyş synplarynyň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi
Jebisligiň baýramy
Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
Molla Nasreddin dürli ýurtlara degişli alty kinostudiýada surata düşürilen filmiň gahrymany