Türkmen telekeçisi Türkmenabatda süýji-köke önümçiligini ýola goýdy

Türkmen telekeçisi Türkmenabatda süýji-köke önümçiligini ýola goýdy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Alym Joraýew şu ýylyň ilkinji aýynda Türkmenabat şäherinde “Her gün” haryt nyşanly süýji-köke önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetinde penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze önümçilikde işçi-hünärmenleriň ýedisi tutanýerli zähmet çekýär. Bu ýerde her aýda 800 kilograma golaý süýji-köke önümleri taýýarlanylýar.

“Häzirki wagtda önümleriň 30-a golaýy öndürilip, täze görnüşleriniň-de önümçiliginiň ýola goýulmagyna garaşylýar” diýip, telekeçi Alym Joraýew gürrüň berýär.

Häzirki wagtda bu döwrebap önümçilikde müşderileriň sargytlary esasynda süýji-köke önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi hem ýola goýulýar.

Şeýle hem telekeçiniň Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Awçy” geňeşligindäki önümçiliginde “Her gün” haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň 10-a golaýy, şol sanda gatyk, dorog, gaýmak, peýnir, şeýle-de bugdaý uny goşulyp, düzümi baýlaşdyrylyp, gowrulan ýer almasynyň 5 görnüşi, owradylp, guralan dürli tagamly çörek önümleriniň 6 görnüşi taýýarlanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçisi kakadylan çörek bölejikleriniň günde 36 müň gabyny taýýarlaýar
ŞEKILLERDE JANLANAN BEDEW
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen häkimiýetleri howpsuzlyk çäreleri’ diýip, aw tüpeňlerini ýygnaýar
Tilki bilen pişik
Ahal welaýatyndaky Mergen ýöriteleşdirilen hojalygynyň ýerleri höwesjeň balykçylaryň ygtyýarynda