Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyndaky ilkinji duşuşygynda Butany ýeňdiler

Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyndaky ilkinji duşuşygynda Butany ýeňdiler

Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler ýygyndysy Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa sebitiniň 4-nji toparçasyndaky ilkinji duşuşygynda Butanyň ýygyndysyndan üstün çykdy.

B toparçanyň çäklerindäki duşuşygyň Bahreýniň Madinat-Isa şäherinde geçirilendigini habar berýäris.

Ilkinji duşuşykda ildeşimiz Ýuriý Rogusskiý Nidupa Gýeltşeni 6:2, 6:0 hasabynda ýeňdi. Soňra Meýlis Orazmuhammedow Pema Norbudan edil şu hasaplar bilen üstün çykdy. Gurbanberdi Gurbanberdiýew bilen Ýuriý Rogusskiý jübüti bolsa Tenzin Singýe Jorji ― Tandin Wangçuk jübütini 6:4, 6:2 hasaplary bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Ýaryşda biziň ildeşlerimiz ilkinji ýeňşini gazanan bolsa, Butanyň ýygyndysy ikinji utulyşdan hem halas bolup bilmedi. Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy Mongoliýanyň ýygyndysy bolar.

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, A we B toparçalaryň ýeňijileri indiki ýyl sebitiň 3-nji toparçasynda çykyş etmek üçin göreşerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyna gatnaşýar
Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar
Türkmenistanyň ýygyndysy Filippinleriň ýygyndy toparyny ýeňip, Dewisiň Kubogynyň ýarym finalyna çykdy
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň gowy dört toparyň biri boldy