Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler ýygyndysy Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň saýlama tapgyrynda Yragyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, möhüm üstünlige eýe boldy.
Biziň ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda jemi 7 milli ýygyndy bäsleşýär.Olar üç we dört toparly iki toparça bölünendir.Türkmenistanyň ýygyndysy B toparçasynda Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndy toparlary bilen çykyş edýär.
A toparçasynda bolsa Kataryň, Demirgazyk Marian adalarynyň we Şri-Lankanyň ýygyndy toparlary bäsleşýär.Ilkinji iki tapgyrda Türkmenistan bilen Yragyň ýygyndylary Kuweýtiň we Gyrgyzystanyň toparlaryndan birmeňzeş 0:3 hasabynda utuldy. Şonuň üçin olaryň özara duşuşygy toparçada üçünji orny eýelemek ugrunda örän möhüm ähmiýete eýe boldy.
Sebäbi bu orun A toparçasynyň üçünji orny bilen utulan-çykdy duşuşygyny geçirmäge we Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparyndaky ornuny saklap galmaga mümkinçilik berýärdi.Türkmenistan bilen Yragyň ýygyndylary 2010-njy ýyldan bäri Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda alty gezek duşuşdy. Şol duşuşyklaryň bäşisinde türkmen tennisçileri ýeňiş gazandy, diňe 2011-nji ýylda yraklylar 2:1 hasabynda üstün çykmagy başardy.
Soňky gezek bu iki topar 2021-nji ýylda Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçirilen Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV topar ýaryşynda duşuşypdy. Şonda hem Türkmenistanyň ýygyndysy Yragyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňipdi.
Türkmenistanyň tennisçileri bu gezek hem ýeňişli tapgyryny dowam etdirdi.Hasap 3:0 bolsa-da, ýeňiş aňsat gelmedi.Bäsdeşler meýdançada bäş sagatdan gowrak wagtlap bäsleşdiler.Esasan hem ilkinji ýekelikdäki duşuşygy örän dartgynly we uzak dowam etdi.
Onda Resul Ataýew 3 sagat 15 minut dowam eden oýunda Akam Bakry 7:6 (7:5), 1:6, 7:5 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda öňe çykardy.
Ikinji ýeňiş utugyny Ali Geldiýew gazandy.Ol Mohammed Al-Şammarini 6:4, 6:3 hasabynda ýeňdi.Bu duşuşyk 1 sagat 53 minut dowam etdi.Jübütlikdäki duşuşykda bolsa Selim Çagylow bilen Ali Geldiýew Mohammed Al-Şammari we Amin Al-Ubaýdiden 6:3, 6:2 hasabynda üstün çykdy.
Bu oýun 1 sagat 4 minut dowam etdi. Ýaryşyň jemleýji utulan-çykdy duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy A toparçasynda üçünji orny eýelän Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndysy bilen duşuşar.Bu topar öň Katar we Şri-Lankadan 1:2 hasabynda ýeňildi.
Bu duşuşykda ýeňiş gazanan ýygyndy Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparyndaky ornuny saklap galar. Ýeňlen topar bolsa B toparçasynda dördünji orny eýelän Yrak bilen bilelikde V topara düşer.
