Türkmen tennisçileri Şri-Lankada Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryna girişýärler

Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndy topary şu gün Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde badalga alýan Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň saýlama ýaryşyna gatnaşýar. Ýaryşa iki toparça bölünen jemi 7 ýygyndy topar gatnaşýar.

Bije çekişligiň netijesi boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy B toparçada Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş eder.A toparçada bolsa Kataryň, Demirgazyk Marian adalarynyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bäsleşer.

Her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar utulan-çykdy tapgyrynyň duşuşyklarynda geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyna çykmak üçin iki ýollanma ugrunda bäsleşer.Toparçada üçünji orny eýelän ýygyndylar IV toparda galmak ugrunda özara duşuşyk geçirerler. Şol bäsleşikde ýeňlen topar bolsa B toparçasynda dördünji orny eýelän ýygyndy bilen bilelikde Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparyna düşer.

Türkmen tennisçileri ilkinji duşuşygyny Kuweýtiň ýygyndysyna garşy geçirer.Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Ýuriý Rogusskiý, Selim Çagylow, Aly Geldiýew we Resul Ataýew çykyş edýärler.Toparyň kapitany Meýlis Orazmuhammedow, baş tälimçisi Miraly Gasanow, fitnes tälimçisi bolsa Samir Agabekow.

Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda 2004-nji ýyldan bäri çykyş edýär.Geçen ýyl Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçirilen Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparynyň ýaryşynda türkmen tennisçileri C toparçada Bruneýiň, Bangladeşiň we Bahreýniň ýygyndylaryny yzygiderli 3:0 hasabynda ýeňip, birinji orny eýelediler.

Soňra utulan-çykdy tapgyrynyň duşuşygynda Guamyň ýygyndysyny hem 3:0 hasabynda ýeňip, IV topara çykmaga hukuk gazandylar.Geçen ýylky Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhammedow, Selim Çagylow, Allanur Daýanjow we Aly Geldiýew çykyş etdiler.

Toparyň kapitanynyň wezipesini Miraly Gasanow, tälimçiniň wezipesini bolsa Gurbanberdi Gurbanberdiýew ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň tennis çempionatynda ýaş tennisçiler ajaýyp ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda Yragyň ýygyndysyny ýeňdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapary amala aşyrar, Türkmenistanda içerki pasportyň täze nusgasy tassyklandy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy atly kitabynyň rus dildäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi we beýleki habarlar