Türkmen tennisçileri Özbegistanda geçirilen ATF U14 ýaryşynda bäş medal gazandylar

Türkmen tennisçileri Özbegistanda geçirilen ATF U14 ýaryşynda bäş medal gazandylar

Türkmenistanly ýetginjek tennisçiler 13-20-nji oktýabr aralygynda Buhara şäherinde geçirilen ATF U14 halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary bäş medala mynasyp bolmagy başardylar.

14 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşda Imran Ahundow ýeňiji boldy. Selim Çaryýew bolsa ikinji orny eýeledi. Oglanlaryň arasyndaky jübütleriň ýaryşynda türkmen tennisçilerinden düzülen Ahundow we Çaryýew dueti çempion bolmagyň hötdesinden geldi.

Gyzlaryň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşda Ilima Guseýnowa iň ýokary netjäni görkezdi. Şeýle-de özbegistanly Samira Kamalowadan we türkmenistanly Ilima Gusýenowadan düzülen jübüt jübütlikdäki ýaryşda kümüş medala eýe çykdy.

Türkmenistanly tennisçiler ýaryşa Andreý Dowmatowyň we Ýewgeniýa Molçanowanyň tälim bermeginde taýýarlandylar. Turnire Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 60-dan gowrak türgen gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapary amala aşyrar, Türkmenistanda içerki pasportyň täze nusgasy tassyklandy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy atly kitabynyň rus dildäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi we beýleki habarlar
Aşgabatda gar arassalamak üçin 200-e golaý ýörite tehnika işe girizildi, Russiýa bilim almaga gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin orunlaryň sanyny öňki derejesinde saklady we beýleki habarlar
Türkmenistan Bahreýnde geçirilýän halkara tennis ýaryşynyň ikinji tapgyryna dört ýeňiş bilen başlady
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
KAMAZ Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar