Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar

Şu gün Bahreýniň Isa şäherinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Aziýa çempionaty badalga alar.

ITF Asia 14&U Development Championships diýen at bilen geçýän ýaryşyň sebit boýunça tapgyrynda (Günbatar we Merkezi Aziýa, Günorta, Günorta-Gündogar hem-de Gündogar Aziýa) Türkmenistandan başga-da, Bahreýn, Yrak, Liwan, Gyrgyz Respublikasy, Saud Arabystany, Özbegistan we Ýemen çykyş eder.

Bu ýerde türkmenistanly ýetginjekleriň dördüsi ýeňiş üçin göreş alyp barar. Imran Ahundow bilen Selim Çagylow oglanlaryň ýaryşynda göreşse, Ilim Guseýnowa hem-de Natalýa Martynowa gyzlaryň ýaryşyna gatnaşarlar.

Türkmenistanly tennisçiler şu gün üç duşuşyk geçirerler. Imran ýemenli türgeniň garşysyna tennis kortuna çykar. Selim bolsa Saud Arabystanyndan bolan türgen bilen duşuşar. 12 ýaşly ildeşimiz Ilim Guseýnowanyň ilkinji garşydaşy liwanly ýetginjek bolar.

Ýaryş 19-njy ýanwara çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda gar arassalamak üçin 200-e golaý ýörite tehnika işe girizildi, Russiýa bilim almaga gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin orunlaryň sanyny öňki derejesinde saklady we beýleki habarlar
Türkmenistan Bahreýnde geçirilýän halkara tennis ýaryşynyň ikinji tapgyryna dört ýeňiş bilen başlady
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
KAMAZ Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapary amala aşyrar, Türkmenistanda içerki pasportyň täze nusgasy tassyklandy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy atly kitabynyň rus dildäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi we beýleki habarlar
Türkmen tennisçileri Özbegistanda geçirilen ATF U14 ýaryşynda bäş medal gazandylar