Türkmen türgenleri Guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda 12 medal gazandylar

Türkmen türgenleri Guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda 12 medal gazandylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 10 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, türkmen türgenleri ýylyň başyndan bäri halkara ýaryşlarda medallaryň 341-sini gazandylar.Olaryň üsti ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen Guşakly göreş boýunça dünýä kubogunda 12 medal bilen ýetirildi.

Türkmen türgenleriniň bu abraýly ýaryşda gazanan medallarynyň 4-si altyn, ýene şonçasy kümüş, 8-si bolsa bürünç medallardyr.

Dünýä kubogynda ýurdumyza Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Nuraly Lollykowyň ýolbaşçylygynda 11 türgen wekilçilik etdi. Ýaryş şäherdäki Ak bars sport köşgünde geçirildi.

Türkmen pälwanlarynyň altyn medallarynyň birini 90 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ýurdumyzyň guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň türgeni Derýa Abdyýew gazandy. Tutluşyklarda gazagystanly, özbegistanly we russiýaly pälwanlardan üstün çykan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Hojamyrat Suhanow hem 57 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Abdyresul Durdyýew we Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Pälwan Gurbangeldiýew dagylar degişlilikde 62 we 100 kilograma çenli agram derejelerinde ýaryşyp, ýaryşyň wise-çempiony boldular.

Türkmen türgenleri dünýä kubogynda bürünç medallaryň 8-sine mynasyp boldular.Bu başarnygy erkekleriň arasynda 68 kilograma çenli agram derejesinde Meýlis Gulgeldiýew (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby), 75 kilograma çenli agram derejesinde Ybraýym Sopyýew (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby), 82 kilograma çenli agram derejesinde Rozymyrat Medow (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy), 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Numuhammet Baýdogdyýew (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby), zenanlaryň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde Aýmeňli Kerimowa, 66 kilograma çenli agram derejesinde Gülnara Joraýewa we 75 kilograma çenli agram derejesinde Jemal Owlýakulyýewa (ählisi hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary) dagylar görkezdi. Ýokarda sanalanlardan başga-da, häzirki wagtda Kazan şäherinde ýokary bilim alýan ildeşimiz Baýramoraz Guwanjow 62 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Şeýlelikde, türkmenistanly türgenler Guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda Russiýanyň we Özbegistanyň wekillerinden soň toparlaýyn hasapda üçünji orny eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda 28 medal eýelediler
Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda gazanan medallary 18-e çykdy
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünlikleri
Türkmenistanly guşakly göreşçiler Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda üç medal gazandylar
Türkmenistan guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda 11 medal gazandy