Türkmenistanly guşakly göreşçiler Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda üç medal gazandylar

Türkmenistanly guşakly göreşçiler Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda üç medal gazandylar

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça milli ýygyndysy Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Bütindünýä söweş sungaty oýunlaryndan üç medal bilen gaýdyp geldi. Türkmenistana wekilçilik eden ýedi türgeniň üçüsiniň şeýle abraýly ýaryşda medal gazanmagy ýokary netijedir. Çünki Oýunlaryň diňe guşakly göreş boýunça ýaryşlaryna 25 döwletden 200-den gowrak türgen gatnaşdy.

Türkmen ýygyndysynyň wekilleri medallarynyň üçüsini hem guşakly göreşiň alyş usuly boýunça gazandylar.Has takygy, zenanlaryň arasyndaky ýaryşda 65 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jemal Owlýakulyýewa, şeýle hem erkekleriň arasynda 80 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň türgeni Rozymyrat Medow bilen 90 kilograma çenli derejede ýene-de şol federasiýanyň wekili Arslan Hojamberdiýew dagylar hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.

Şu ýyl Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça türgenleriniň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýändiklerini aýratyn nygtamak gerek. Olar şu ýylyň maý aýynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda 28, iýulda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa 11 medal eýeläpdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda 11 medal gazandy
Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda 28 medal eýelediler
Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda gazanan medallary 18-e çykdy
Türkmen türgenleri Guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda 12 medal gazandylar
Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionatynda toparlaýyn birinji orna mynasyp boldy
Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar