Türkmen türgenleri uşu boýunça Aziýanyň çempionatynda üç medal gazandylar

Türkmen türgenleri uşu boýunça Aziýanyň çempionatynda üç medal gazandylar

Türkmenistanyň uşu boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň agzalary Hytaý Halk Respublikasynyň Makao şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda üç medala mynasyp boldular. Yklym çempionatyna dünýäniň 26 döwletinden 1000-den gowrak türgen gatnaşdy.

Ýurdumyzyň bu ýaryşdaky medal gazanasyna ilkinji goşandy 56 kilograma çenli agram derejesinde 14 ýaşly türgen Gudrat Öwezgeldiýew goşdy. Hytaýly, eýranly we gazagystanly türgenler bilen deň derejede ýaryşan Gudrat ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.

70 kilograma çenli agram derejäniň wekili Eziz Muhammedow hem hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ol yklym çempionatynda Hytaýyň, Gazagystanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň wekilleri bilen tutluşyklary geçirip, başarnygyny subut etdirdi.

Türkmen ýygyndysynyň üçünji medalyny bolsa gyzlaryň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Bibimerýem Akmämmedowa gazandy. Ol hem yklym ýaryşyndaky çykyşyny bürünç medal bilen tamamlady.

Türkmenistan Aziýanyň çempionatyna 8 türgen bilen gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanly uşuçylar Gyrgyzystanyň açyk çempionatynda 18 medal gazandylar
Türkmenistan uşu boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda ilkinji medalyny gazandy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany