Türkmenistanly uşuçylar Gyrgyzystanyň açyk çempionatynda 18 medal gazandylar

Türkmenistanly uşuçylar Gyrgyzystanyň açyk çempionatynda 18 medal gazandylar

Türkmenistanyň uşu boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri 23 ― 26-njy iýul aralygynda Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Gyrgyzystanyň açyk çempionatyndan medallaryň 18-si bilen dolanyp geldiler. Şolaryň üçüsi altyn, dördüsi kümüş, onusy bolsa bürünç medallardyr.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryş söweş ugry boýunça çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň, erkekleriň we zenanlaryň, özüi goramak ugry boýunça bolsa diňe uly ýaşly erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirildi.

Abraýly halkara ýaryşda türkmen ýygyndysynyň altyn medallaryny 25 kilograma çenli agram derejesinde Eziz Annaýew, 65 kilograma çenli agram derejesinde Seýdylla Akmämmedow we 75 kilograma çenli agram derejesinde Şöhrat Rejebow dagylar gazandy.

32 kilograma çenli agram derejäniň wekili Pena Röwşengeldiýew, 45 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýaryşan Dawut Toýlyýew, 56 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan Gudrat Berdiliýew hem-de tutluşyklaryny 85 kilogramdan ýokary agram derejesinde geçiren Wepa Orazow dagylar Watanymyza kümüş medallar bilen dolanyp geldiler.

Şeýle hem Yslammuhammet Döwletow (36 kilograma çenli agram derejesinde), Süleýman Ýunusow (48 kilograma çenli), Atahan Muhammedow, Sanjar Artykow (ikisi hem 52 kilograma çenli), Hezret Öwezgeldiýew, Kemran Latipow (ikisi hem 60 kilograma çenli), Tirkeşgeldi Garajaýew (65 kilograma çenli), Abdyrahman Ilmyradow, Mekan Paltaýew (ikisi hem 70 kilograma çenli) hem-de Maksatmyrat Alyýew (80 kilograma çenli) dagylar hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Gyrgyzystanyň açyk çempionatyna 7 döwletden 800-den gowrak türgen gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň we ýer eýeleriniň wekillerinden başga-da, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkiýäniň türgenleri bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Liwanda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady