Türkmen-türk söwda dolanyşygy 1,5 milliard dollardan geçdi

Türkmen-türk söwda dolanyşygy 1,5 milliard dollardan geçdi

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara söwda dolanyşygy görnetin ýokarlandy. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirokyň Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde çap edilen makalasynda aýdylýar.

Makalada bellenilişine görä, hasabat döwründe türkmen-türk söwda dolanyşygy 1,53 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16 göterim ýokarydyr.

Ýakyn geljekde döwlet Baştutanlarymyzyň ýolbaşçylygynda özara söwda dolanyşygy boýunça umumy maksadymyza — bäş milliard amerikan dollarlyk sepgide ýetjekdigimize ynanýarys diýip, türk diplomaty öz makalasynda ýazýar.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2,6 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe bilen Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň Bilelikdäki maýa goýum fonduny döretmegi teklip etdi
Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňziň üstünden geçýän üstaşyr ýollary işjeňleşdirer