18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Andreý Sibiganyň arasynda duşuşyk geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taraplaryň umumy meýli tassyklanyldy.
Amaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de ynsanperwer ugur boýunça gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garaldy.
