Türkmen uniwersiteti UI Green Metric Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy

Türkmen uniwersiteti UI Green Metric Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty UI Green Metric Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Şu ýyl bu reýtinge dünýäniň müňden gowrak uniwersiteti gatnaşdy. Her gatnaşyjy öz ýokary okuw mekdebiniň daşky gurşawyň goraglylygy bilen bagly amala aşyrýan işlerini beýan edip, bu maglumatlary degişli kadalaşdyryjy resminamalar bilen tassyklady.

Green Metric dünýä daşky gurşaw reýtingi Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan 2010-njy ýylda işlenip düzüldi we ýokary okuw mekdepleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine goşýan goşandyny bahalandyrýan ilkinji halkara reýting boldy.

Häzirki wagtda bu reýting, esasan, adamzadyň durnukly ösüşiň meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak wezipesini ýerine ýetirýär we bu meseläni çözmäge gatnaşýan uniwersitetleriň halkara derejä çykmagyna goşant goşýar.Green Metric reýtinginiň artýan meşhurlygy we agzalarynyň giň gerimi geljekde onuň daşky gurşaw meselelerini çözmegiň täsirli serişdesine öwrülmeginiň mümkindigini görkezýär.

UI Green Metric World University Rankings dünýäniň ýokary okuw mekdeplerini ekologiýa ugurlary boýunça derejeleýän edaradyr. Ol ýokary okuw mekdeplerini 6 ugur, uniwersitet gurluşy we onuň ekologiýa täsiri; galyndylaryň gaýtadan işlenilişi; ekologiýa bilimi we bu ugurdaky ylmy-barlaglar; suwuň aýawly ulanylyşy; ulag ugurlary boýunça derejelere bölýär.

Häzirki wagtda durnukly ösüş meseleleri ähli ýurtlarda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin bu reýtinge goşulmak ýokary okuw mekdebiniň işiniň dünýä gün tertibine laýyk gelýändigini görkezýär. Uniwersitetleriň halkara reýting bäsleşigi bilim edarasynyň halkara giňişlikdäki keşbini emele getirýän möhüm ölçegdir.

Daşky gurşawyň ählumumy meselelerine uly üns berilýän häzirki döwürde durnukly jemgyýeti gurmaga ygtybarly goldaw bermäge taýýarlykly ýaşyl edaralaryň abraýy barha artýar. Green Metric we beýleki reýtinglere gatnaşýan ýokary okuw mekdeplerine dünýäniň uniwersitetleri bilen bäsleşmäge, ählumumy kartada durnuklylygy gazanmaga we abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreýär.

Green Metric reýtinginiň dünýä statistikasynda abraýly orny eýelemegi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty üçin ýene bir möhüm ähmiýetli üstünlige öwrüldi. Häzirki wagtda bu üstünlik institutyň dünýä reýtinglerinde gazanan üçünji üstünligidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric World University Ranking ulgamynda hasaba alyndy
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär