Türkmen we gyrgyz işewürleri bahasy $3 milliondan gowrak şertnamalary baglaşdylar

Türkmen we gyrgyz işewürleri bahasy $3 milliondan gowrak şertnamalary baglaşdylar

Türkmen hususy pudagynyň wekilleri anna güni Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň işewürleri bilen umumy bahasy 3 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan dürli harytlaryň üpjünçiligi boýunça 6 şertnama gol çekdiler. Şertnamalar Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (GSTB) bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde baglaşyldy.

Gyrgyz “Tazabek” internet neşiriniň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň işewür wekiliýeti “Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa” ykdysady forumynyň çäginde geçirilýäň “Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky işewür hyzmatdaşlyk” atly forumyna gatnaşmak üçin Bişkek şäherine geldi.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetine TSTB-niň başlygy Döwran Hudaýberdiýew ýolbaşçylyk etdi.

TSTB-niň we GSTB-niň agzalary şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Gyrgyzystana türkmen önümlerini ibermek üçin bahasy 28 million 575 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan şertnamalara gol çekdiler. Resminamalara Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäginde gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Russiýa we Gyrgyzystan Putiniň Bişkek saparynda uly hyzmatdaşlyk bukjasyna gol çeker
Merkezi Aziýanyň ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegi nazarlaýan wagty, Bişkekde B5+1 forumy geçirilýär
Altaý-Saýan bürgüdi gyşlamak üçin Türkmenistana geldi