Samsung özüniň täze Galaxy A03 Core smartfonyny tanyşdyrdy

Samsung özüniň täze Galaxy A03 Core smartfonyny tanyşdyrdy

Samsung 4G/LTE dördünji nesil mobil ulgamlarynda işlemek üçin niýetlenilen Galaxy A03 Core smartfonyny tanyşdyrdy. Şeýlelikde ol elýeterli smartfonlarynyň gerimini has-da giňeltdi. Bu barada GSMArena salgylanyp, 3dnews.ru habar berdi.

Täze smartfon Unisoc SC9863A prosessoryna esaslanýar. Çipde 1,6 GGs takt ýygylykly sekiz sany Arm Cortex-A55 hasaplaýyş ýadrosy we IMG 8322 grafiki tizlendiriji bar.Enjam 2 Gb RAM-a we 32 Gb göwrümli fleş diskine eýe.

Onuň elektrik üpjünçiligine 5000 mA/s kuwwatly zarýad berilýän batareýa jogap berýär.Smartfon 6.5 dýuým HD+ Infinity-V ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr.Bu paneliň ýokarsynda f/2.2 aňrybaş diagrammaly 5MP öň kamerasy üçin kiçijik bir oýuk bar.

Smartfonyň arka tarapynda 8 megapikselli datçige esaslanýan kamera bar.Täze smartfon gök we gara reňklerde köpçülige hödürlener diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny
Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyndaky çykyşyny tamamlady
Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady
Dünýäde 200 megapiksel kameraly ilkinji smartfon eýýäm şu ýyl satuwa çykarylar.
WhatsApp Windows we macOS üçin düýbünden täze programmasyny çykarar
Türkmen we gyrgyz işewürleri bahasy $3 milliondan gowrak şertnamalary baglaşdylar