Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyndaky çykyşyny tamamlady

Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyndaky çykyşyny tamamlady

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň Kaýraty Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň 6-njy tapgyrynda Kipriň Omoniýasy bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk Nikosiý şäheriniň GSP stadionynda geçirildi.

Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Almaty şäheriniň toparynda hasaby açmaga-da mümkinçilik boldy. Birinji ýarymda ýarym goragçy Žoao Paulo penalti ugrusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Şeýlelikde, Kaýrat H toparçanyň duşuşyklaryny 2 utuk bilen dördünji orunda tamamlady. Toparçada birinji orny 14 utukly Bazel eýeläp, ýaryşy 1/8 finalda dowam etdirmäge hukuk gazandy. Ikinji orny eýelän Karabah 11 utuk toplap bildi. Azerbaýjana wekilçilik edýän topar 1/8 finala çykmak üçin saýlama duşuşygyny geçirmeli bolar. Omaniýa bolsa 4 utuk bilen toparçany üçünji basgançakda tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Kaýrat Şahtýory ýeňip, alty duşuşyklyk şowsuzlygyň soňuna çykdy
5-nji martda Gazagystanyň futbol çempionatyna badalga berler
Gazagystanyň Naýbaşy kubok duşuşygy Nur-Sultan şäherinde geçiriler
Kaýrat Iwan Danilýansyň doglan gününi gutlady
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKENTDE GEÇIRILEN BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHATYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy