Fossil kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi

Fossil kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi

Fossil kompaniýasy Razer X Fossil Gen 6 we Skagen Falster Gen 6 atly täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu barada smartchasy.com web sahypasy habar berdi.

Skagen Falster Gen 6 akylly sagatlary Wear OS 3 operasion ulgamy bilen utgaşykly işleýän Qualcomm Snapdragon Wear 4100+ bir kristally ulgamyň esasynda gurlar. Sagatlaryň iki görnüşi hem 1 Gb wagtlaýyn we 8 Gb fleş ýat aldy. Goşar kemeriniň üç görnüşi bolup, olar Skagen-iň meşhur poslamaýan poladyndan, silikondan we deriden ýasalandyr. Bu barada GSM Arena habar berýär.

Skagen Falster Gen 6 akylly sagadynyň korpusy 42 mm bolup, ol gara, gülgüne, altynsow, kümüşsöw reňklerdedir.

Skagen Falster Gen 6-nyň ekrany 1.28 dýuýme barabardyr. Öz mümkinçilikleri boýunça bu sagat Razer X Fossil Gen 6 akylly sagadyna çalymdaş gelýär, ýagny bu sagat ýürek urgusyny ýazmaga, gandaky kislorodyň derejesini ölçemäge, gelýän jaňlara jogap bermäge we başga-da şuňa meňzeş mümkinçiliklere eýedir.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde 200 megapiksel kameraly ilkinji smartfon eýýäm şu ýyl satuwa çykarylar.
Transfer täzelikleri
RED-iň täze 8K wideokamerasy
Afrikada ýylyň futbolçysy Mohamed Salah
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl