RED-iň täze 8K wideokamerasy

Ýokary derejede kämil wideo enjamlaryny öndürmekde tanalýan RED şereketi 8K durulykda şekilleri ýazga geçirýän “Monstro 8K VV” (Vista Vision) atly täze wideokamerasyny köpçülige hödürledi.Dünýäde kinofilmleri surata düşürmekde ulanylýan RED täze önümi bilen has ýokary hilli wideolary ýazga geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ol 35,4 megapiksel durulygynda sekuntda 60 kadr 8K wideo düşürmek ukybyna eýe. Ýokary ISO (ýagtylyga duýgurlygy) derejesinde 300 MB tizliginde maglumatlary geçirip bilýär. “4K Apple ProRes” we “4K Avid DNxHR” formatlarynda işleýän RED sensory, “Weapon” kameralary bilen sazlaşykly işleýär.

Indiki ýyl satuwa çykarylmagyna garaşylýan bu enjamyň bahasy 80 000 $ töweregi bolar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri 1
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Transfer täzelikleri
Afrikada ýylyň futbolçysy Mohamed Salah
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl