70 million dollarlyk ulag

1963-nji ýylda öndürilen “Ferrari GTO” awtoulagy 70 million dollara satyldy.Agzalýan awtoulagdan bary-ýogy 36 sanysy öndürilen eken.Bu häzire çenli iň gymmat bahadan satylan awtoulag hökmünde hasaba alyndy.

Awtoulagyň täze eýesi Dawid MakNeýl awtoulaglar aksessuarlaryny öndürýän “WeatherTech” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär.Awtoulag 1964-nji ýylda “Tour de France” rallisinde birinji bolupdyr. “Le Mans” ýaryşynda bolsa dördünji bolup pellehana gelipdir.Mundan ozal, 1963-nji ýylda öndürilen “Ferrari GTO” 2013-nji ýylda 52 million dollara satylypdy. 2014-nji ýylda bolsa, 1962-nji ýylyň “Ferrari GTO” ulagy 38 million dollara satylypdy. “Ferrari GTO”-lar hemişe kolleksiýaçylar üçin iň arzyly awtoulag bolmagynda galýar.

Sebäbi olar owadanlygy, kuwwatlylygy we ýaryş ýollarynda görkezen netijeleri bilen tapawutlanýar.Bilermenler bu awtoulaglaryň bahasynyň golaýda 100 million dollara çenli artyp biljekdigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
Anjelina Joliniň ulagy satylar
“Altyn top” baýragynyň ýeňijisi Winisius Junior däl-de, Rodri boldy
Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
Sotheby's: GFR-de 135 mln ýewro dünýäde iň gymmat awtoulag satyldy
Audi bahasy 225 müň ýewro durýan 620-güýçli sportkar bilen tanyşdyrdy
Parižde Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçirildi